Russiýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, Ýewropa Parlamenti saýlawlaryndan alynan netijäniň köpçüligiň Ýewropanyň we Ukrainanyň tarapdary boljakdygyny görkezendigini habar berdi.
Russiýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow Ýewropa Parlamenti saýlawlary barada beýannama berdi.
Russiýanyň ÝP-däki düýç deňagramlylygyna ýakyndan gözegçilik edýändiklerini aýdan Peskow, sagjy partiýalaryň meşhurlygynyň artmagy bilen bagly dinamikalaryň görülendigini beýan etdi.
Peskow Ýewropa tarapdary bolan partiýalaryň güýçlerini goraýan hem bolsa, sagjy partiýalaryň belli bir wagt soň olary geçip biljekdigini aýan etdi.
Peskow: "Köpçülik hakykatdan hem Ýewropanyň tarapdarlary we Ukrainanyň tarapdarlary boljak ýaly. Emma ÝP-niň geljekdäki gurluşynyň analiz edilmegi zerur" diýip belledi.