Peskow Russiýadaky Instagram gadagançylygynyň aýrylmagynyň zerurdygyny aýtdy

Peskow Russiýadaky Instagram gadagançylygynyň aýrylmagynyň zerurdygyny aýtdy

TASS habarlar agentligi Russiýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskowyň sözlerini şeýle görnüşde paýlaşdy: "Hawa men Instagramyň iň gysga wagtda açylmagynyň zerurdygyny pikir edýärin, bu meniň pikirim".

Peskow, Russiýanyň sesini we dogrylaryny dünýä ýetirmek üçin platforma elýeterlilik päsgelçiliginiň aýrylmagynyň gowy boljakdygyny pikir edýär.

Ozal bolsa Russiýanyň Federal Maglumatlar tehnologiýalary we Köpçülikleýin aragatnaşyk serişdelerine gözegçilik edarasy Roskomnadzor, ýakyn wagtda Instagram gadagançylygynyň aýrylmagyna garaşylmaýandygyny beýan edipdi.

Instagram 2022-nji ýylyň mart aýynda Ukraina uruşynyň başlamagynyň edil yz ýanynda, Russiýa Federasiýasynda ekstremistik gurama hökmünde häsýetlendirilip, gadagan edilipdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýa: Ukrainanyň rus dikuçaryny ogurlamak baradaky meýilnamasyny puja çykardyk
Tramp, Zelenskiý we Putin Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Russiýa Jo Baýdeniň dalaşgärlikden çekilmegi barada beýannama berdi
Russiýa Donald Trampa garşy guralan hüjüm barada beýanat berdi
Sowuk Söweşe Tarap Ynamly Ädimler Bilen Barýarys
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny