Perzent bilim merkezi geriminiň giňeldilýändigi mynasybetli gyş möwsüminde geçilýän okuwlara amatly arzanladyşlary hödürleýär. Öwrenijiler rus we iňlis dilleri, matematika hem-de surat çekmek ýaly okuwlarda 40%-e çenli arzanladyş alyp bilerler.
Okuwlaryň aksiýadaky bahalary:
Dil we matematika okuwlary: 1200 manat
Surat çekmek okuwy: 1600 manat
Özboluşly kembrij usulyýetini ulanýandygy bilen, Perzent bilim merkezi eýýäm köp wagtdan bäri özüni dil okuwlarynda diňe bir öwrenmek maksatly däl-de, eýsem diller dünýäsine täsin syýahat etmegiň merkezi hökmünde giňden tanatdy.
Perzent bilim merkezi öwrenmek üçin iň oňaýly şertleri döredýär. Mugallymlar 15 adamdan köp bolmadyk kiçi toparlar bilen işleýärler. Bu format mugallymlara şahsy bilim zerurlyklaryny we materialy öwrenmegiň tizligini göz öňünde tutup, her bir okuwça aýratyn çemeleşmäge mümkinçilik berýär.
Merkeziň aýratynlygy öwrenijileriň ýaş aýratynlyklaryna görä oýlanyşykly bölünmegidir. Bu ýerde üç sany esasy topar döredildi: 6 — 9 ýaş aralygyndaky çagalar, 10 — 12 ýaşly ýetginjekler hem-de 13 ýaşdan 70 ýaşa çenli aralykdaky uly ýaşly öwrenijiler. Bu çemeleşme okuw meýilnamasynyň okuwçylaryň her bir kategoriýasynyň ýaş aýratynlyklaryna we özleşdirmeli meselelere ýokary derejede uýgunlaşmagyny üpjün edýär.
Merkeziň mugallymlary — ýokary hünär derejeli hünärmenler bolup, olar üns bilen saýlanyp alnyp, yzygiderli taýýarlyklary geçýärler. Perzent merkeziniň ähli işgärleri ilkinji lukmançylyk kömegini bermäge hem taýýarlanyldy, şeýle-de saglyk ýarawsyzlyk ýagdaýlarynyň ýüze çykan halatynda bejergini üpjün etmek üçin merkezde wideogözegçilik ulgamy bardyr.
Sapaklaryň başlanmagy 9-njy dekabra meýilleşdirilýär. Okuw tamamlanandan soň, öwrenijilere resmi şahadatnamalar gowşurylar.
Hasaba alynmak üçin pasportyňyz (dogluş şahadatnamasy) we iki sany 3x4 ölçegli suratyňyz bolmaly.
Habarlaşmak üçin: