Perunyň Prezidenti Dina Boluarte özüne garşy birnäçe hepdeden bäri geçirilýän protest ýörişleriniň bes edilmegi üçin “milli ylalaşyk”çagyryşyny berdi.
Metbugata beýannama beren Boluarte, ýurtdaky sosial krizisiň ortadan aýrylmagy üçin protestçylar bilen gepleşik geçirmäge taýardygyny nygtady.
Prezident Boluarte “Gepleşikleriň başlamagy we sebitiň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin ýörişleriň bes edilmegi boýunça milli ylalaşyk çagyryşyny berýärin” diýdi.
Bolurte, adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň çäginde harby goşunyň howpsyzlyk güýçlerine goldaw berýändigini belledi.
Dina Bolurte, hökümetiň dartgynlyga sebäp bolmandygyny, esasy wezipeleriniň 33 million perulyny goramakdygyny ýatlatdy.
Peruda ýurduň ozalky Prezidenti Pedro Kastillonyň 7-nji dekabrda Kongres tarapyndan wezipesindenden boşadylmagyndan soň protest ýörişleri başlapdy.
Hökümete garşy geçirilýän protest ýörişlerinde düýn ýene-de 2 adamyň ýogalmagy bilen 11-nji dekabrdan bäri ýogalanlaryň sany 62 adama ýetdi.
Protestçylar, Prezident Bolurteniň wezipesinden çekilmegini, irki saýlawlaryň geçirilmegini we tussaglykda saklanýan Pedro Kastillonyň boşadylmagyny isleýär.
Prezident Boluarte, protestçylara 10-njy ýanwarda gepleşikleriň başlagy üçin çagyryş beripdi we ýörişleriň bes edilmegini isläpdi.