Perudaky buzluklaryň ýaryndan gowragy eredi

Alymlar Perunyň soňky 50 ýylda buzluk meýdanlarynyň ýaryndan gowragynyň ýok bolandygyny anykladylar. Ýurduň Milli buzluk we dag ekoulgamlary barlaglary institutynyň (Inaigem) hünärmenleri ýurtdaky 175 buzlugyň 2016-2020-nji ýyllar aralygynda klimatyň üýtgemegi zerarly ýok bolandygyny mälim etdi.

Peruda 1050 inedördül kilometrlik buzluk bar.Bu buzluklaryň meýdany 1962-nji ýyldan bäri 56 göterim azalypdyr.Institutyň buzluk bilimi boýunça hünärmeni Maýra Mehia ýurtdaky buzluk meýdanlaryň birnäçesiniň erändigini belledi.

Mehia 1962-nji ýyldan bäri Çila dagynda Amazonka derýasyna guýýan buzluklaryň 99 göteriminiň ýok bolandygyny belleýär. Institutyň direktory Jesus Gomes temperaturanyň artmagynyň, esasan hem, tropik sebitlerde buzluklaryň eremegindäki esasy sebäpdigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Ýer ýüzüniň kindiwanja ýaşaýjylary
Iň köp agaç ekýän ýurtlar
Amazonka derýasy
Alaw nagyşly gurbaga tapyldy
Tohum ekýän robotlar ulanylýar
Amazonkanyň tokaýlarynyň çapylmagy 33 göterim azaldy