Günorta Amerika materiginde ýerleşýän Peru döwletinde awtobuslaryň biriniň gaýadan aşak gaçmagy netijesinde ilkinji kesgitlemelere görä 23 adam ýogaldy.
Ýurduň demirgazygynda ýerleşýän Selendin şäherinde bir awtobus gaýadan aşak gaçdy.
Kahamarka sebitiniň prokurory Olga Bobadilla wakanyň gödek we asfaltsyz ýolda başdan geçirilendigini, hadysada azyndan 23 adamyň ýogalandygyny habar berdi.
Waka sebäpli Selendin şäherinde 3 günlik ýas yglan edildi.
Peruda geçen ýylyň sentýabr aýynda hem şuňa meňzeş waka başdan geçirilipdi, ol hadysada hem 24 adam ýogalypdy. Ýanwar aýynda başdan geçirilen wakada bolsa 48 adamyň ýogalandygy habar berilipdi.