Perm sebiti Türkmenistana Täze ýyl arçasynyň nobatdaky tapgyryny eksport etdi

Perm sebiti Türkmenistana Täze ýyl arçasynyň nobatdaky tapgyryny eksport etdi

Şu ýyl Russiýa Federasiýasynyň Perm sebitinden Türkmenistana, Gazagystana, Belarusa we Russiýanyň beýleki sebitlerine 110 müňden gowrak Täze ýyl arçasy eksport edildi. Bu barada Rosselhoznadzor-yň resmi web sahypasynda habar berildi.

Şeýle hem habarda 2022-nji ýylyň dekabrynda Rosselhoznadzor-yň Kirow sebiti, Udmurt respublikasy we Perm sebiti boýunça Müdirlikleri tarapyndan Perm sebitinden Täze ýyl arçalarynyň 3400 sanysynyň Belarus Respublikasyna we 4350 sanysynyň Gazagystan Respublikasyna iberilmegine gözegçilik edilendigi aýdylýar.

Önümler Rosselhoznadzor-a tabyn bolan VNIIKR Federal Döwlet Býudjet Institutynyň Perm bölüminde laboratoriýa gözegçiliginden üstünlikli geçdi. Ygtybarly önümleriň eýelerine 14 sany fitosanitar şahadatnamasy berildi.

Ozal Türkmenistana Perm sebitinden ilkinji 3600 sany Täze ýyl arçasynyň iberilendigini habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistandan Russiýa Federasiýasynyň Ulýanowsk sebitine goýun ýüňüniň nobatdaky tapgyry eltildi
Türkmenistanda 308 tussagyň günäsi geçildi, Türkmenistan awiakompaniýasy halkara uçuşlaryň awiapetekleriniň bahasyny arzanlatdy, Türkmenistandan 18 tonna pomidor Russiýa iberildi we beýleki habarlar
Türkmenistan Nowosibirsk sebitine 18 tonna pomidor eksport etdi
Rosselhoznadzor-yň hünärmenleri Türkmenistanda tejribelerini paýlaşarlar
Türkmenistan Russiýa ýylyň başyndan bäri 1279,9 tonna goýun ýüňüni eksport etdi
Täze ýyl arçalarynyň ilkinji tapgyry Türkmenistana iberildi
Türkmenistana Perm sebitinden ilkinji 3600 sany Täze ýyl arçasy iberildi