Peri piramidalary hakyndaky neşiriň taryhda ilkinji gezek 1712-nji ýylda Fransiýada çap edilendigini bilýäňizmi?
Aslyna seredilende Kappadokiýadaky gaýa öýleri hakynda ilkinji gezek biziň eýýamymyzyň 600-nji ýylynda ýazylan “Keramatly Hiýeronyň Durmuşy” atly eserde gürrüň edilýär. 18-nji asyrda kerwen bilen Anadolyny gezen fransuz jahankeşdesi Paul Lukas bolsa fransuz köşküne ýazan hatynda Peri piramidalary üçin “Bular adamyň gözleri bilen görüp biläýjek iň ajaýyp zatlary” diýipdir.
Paul Lukas ýurduna dolanandan soň syýahat belliklerini iki jiltlik syýahatnama görnüşinde 1712-nji ýylda Parižde neşir edýär.Eserinde Kappadokiýa sebitinde görenlerini kem-käs ulaldyp, teswir edýär.Syýahatnama çap edilende oňa beýle ynanylmaýar we Ýewropanyň halk köpçüliginde uly diskussiýalaryň ýüze çykmagyna sebäp bolýar.
Hat-da ýazylanlary tassyklamak maksady bilen ilki Fransiýanyň ilçisi, soň bolsa Britaniýanyň ilçisi sebite sapar guraýar we Paul Lukasyň ýazanlaryny tassyklanýar.
Lukasdan soň sebite ýewropaly jahankeşdeler 19-njy asyrda esasan ylmy maksatly barlaglar geçirmäge gelipdirler we şol geň geologik gurluşa haýran galypdyrlar.
1700-nji ýyllaryň birinji ýarymynda tanadylan Peri piramidalary henizem dünýäniň çar tarapynda ýaşaýan bilesigelijileri özüne çekýär.