Şu gün, 2023-nji ýylyň 2-nji iýulynda, Arkadag şäheriniň Döwletmämmet Azady adyndaky kitaphanasynyň mejlisler zalynda “Arkadag şäheri — “akylly” we “ýaşyl” tehnologiýalar şäheri” atly halkara maslahat geçirildi.
Arkadag şäheriniň häkimligi hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan guralan çäre diňe bir adaty görnüşde däl, eýsem, täze şäheriň Aragatnaşyk müdirligi tarapyndan onlaýn tertipde hem alnyp görkezildi.
Halkara forum ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa toplumynyň agentlikleriniň ýolbaşçylaryny, daşary ýurtly ýokary tehnologiýaly enjamlary öndürijileri, öňdebaryjy tehnologiýalary we hyzmatlary işläp taýýarlaýjylary, iri halkara aragatnaşyk operatorlaryny, halkara guramalaryň we düzümleriň wekillerini bir ýere jemledi.
Häzirki döwürde türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, halkymyzyň rowaçlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen düýpli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär, ykdysadyýetiň pudaklaryny okgunly ösdürmek boýunça çäreler amala aşyrylýar.
Döwrebap şäherler, şäherçeler, obalar, ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň desgalary, senagat kärhanalary gurlup ulanmaga berilýär.Bularyň ählisi Garaşsyz Watanymyzyň ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny görkezýär.
“Akylly” we “ýaşyl” şäherler — şäher infrastrukturasyny durnukly we netijeli ösdürmegiň girewi” atly umumy mejlisde durnukly, durmuşa ukyply şäherler hem-de amatly ýaşaýyş üçin şäher gurşawyny döretmek, ykdysady ösüşi ilerletmek, häzirki we geljek nesilleriň abadançylygyny üpjün etmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Foruma gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda kemala gelen Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyşynyň taryhy ähmiýetini nygtadylar.Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň hemişelik ünsi we goldawy netijesinde, ýurdumyzdaky ilkinji “akylly” şäher ýaşamak, zähmet çekmek, dynç almak üçin iň amatly şertleri bolan kämil şäherleriň biri boldy.
Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde ýerleşýän täze şäher “akylly” şäheriň aýdyň nusgasy bolmak bilen, onda öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk we “ýaşyl” tehnologiýalar giňden ornaşdyryldy.Bu ýerde ekologiýa ýaly möhüm ugra aýratyn üns berildi.
Ajaýyp tebigy gözelligi gorap saklamak üçin şäheriň gurluşygynda “ýaşyl” tehnologiýalar giňden ulanyldy.Arkadag şäheriniň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulmagy, şeýle hem degişli güwänamanyň berilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň bitiren hyzmatlaryna belent sarpanyň nyşany hökmünde Arkadag şäheri diýlip atlandyrylan we häzirki wagtda gurluşygynyň ikinji tapgyryna badalga berlen şäherde döwrebap ýaşaýyş jaý toplumlary we ençeme durmuş maksatly desgalar bar. Şunuň bilen baglylykda, şäher ilatynyň amatly şertlerde ýaşamaklary, netijeli zähmet çekmekleri we bilim almaklary, doly derejede dynç almaklary, sport hem-de döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin sanly tehnologiýalar we intellektual ulgamlar giňden ornaşdyryldy.
Çykyş edenler ýol-ulag düzümleri barada aýdyp, bu düzümleriň halkara ölçeglere laýyk gelýändigini, olaryň döwrebap yşyklandyryş, wideogözegçilik we dolandyryş ulgamlary bilen üpjün edilendigini bellediler.Hususan-da, ulag ulgamlaryny gurnamakda we ulag akymlaryny düzgünleşdirmekde “Intelligent Transportation Systems (ITS)” innowasion işläp taýýarlamalary ulanylýar.
Intellektual tehnologiýalar bilen üpjün edilen “akylly” ýollaryň ornaşdyrylmagy “ITS-niň” esasy wezipesidir. “Akylly” şäher konsepsiýasy öňdebaryjy maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň we internetiň giňden ornaşdyrylmagyna esaslanyp, olaryň kömegi bilen şäher düzümlerini we gulluklaryny dolandyrmagy üpjün edýän bitewi ekoulgam döredilýär. Şeýle hem bu konsepsiýanyň düzümine “akylly” öý, bitewi maglumat binýady hem-de ýaşaýjylara hasaplaşyklary geçirmäge, dürli maglumatlary almaga mümkinçilik berýän köpugurly programma goşundysy girýär.
Bu şäherde ilatyň bagtyýar we abadan durmuşynyň, mynasyp dynç almagynyň, zähmet çekmeginiň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli işler, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän hem-de “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgäni baş şygar edinýän döwlet syýasaty öz beýanyny tapýar.
Umumy mejlisde çykyş eden daşary ýurtly gatnaşyjylaryň hatarynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň Baş direktory Nuriddin Muhitdinow, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň orunbasary Tomisa Paowiç, «Huawei Technologies» kompaniýasynyň Merkezi Aziýa we Kawkaz sebitiniň önüm we çözgütler boýunça bölüminiň direktory Mi Nuo, şeýle hem sanly ulgam arkaly çykyş edenleriň hatarynda Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň GDA boýunça sebit bölüminiň direktory Natalýa Moçu we «Nokia» kompaniýasynyň Türkmenistan boýunça direktory Ismail Aýdyn bar.
Myhmanlaryň belleýişleri ýaly, “geljegiň şäheri” diýlip atlandyrylýan Arkadag şäheriniň açylmagy Türkmenistanyň täze taryhyna ýurduň deňi-taýy bolmadyk ykdysady we ylmy-tehniki ösüşiniň, türkmen halkynyň zähmetsöýerliginiň, zehininiň anyk mysaly hökmünde altyn harplar bilen ýazylar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän asylly işler giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmaga we belent maksatlara ýetmäge mümkinçilik berýär.
Garaşsyz Türkmenistan innowasiýalara, çylşyrymly tehnologik çözgütlere we öňdebaryjy ylmy işläp taýýarlamalara esaslanýan iri taslamalary durmuşa geçirip bilýändigini ýene-de bir gezek bütin dünýä äşgär etdi.Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň maýa goýum babatda özüne çekijiligi daşary ýurtlaryň işewür toparlary tarapyndan onuň durmuş-ykdysady görkezijilerine berilýän ýokary baha hem-de ilatyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesi bilen şertlendirilendir.
Iri milli taslamalaryň biri bolan Arkadag şäheriniň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi diňe bir sanly we “ýaşyl” tehnologiýalaryň sazlaşykly utgaşdyrylmagynyň aýdyň mysaly bolmak bilen çäklenmän, eýsem, BMG-niň Ýaşaýyş jaý we durnukly şäher ösüşi boýunça “Habitat — III” maslahatynda tassyklanan “Täze şäher gün tertibi” konsepsiýasynyň hem amala aşyrylmagynyň mysalydyr.
Türkmenistan BMG-niň düzüm birlikleri we agentlikleri bilen sanly ykdysadyýeti ösdürmek we döwlet hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.Döwrebap sanly tehnologiýalar durnukly şäher infrastrukturasyny ösdürmäge, energiýany tygşytlamaga, ýaşaýyş-durmuş hilini ýokarlandyrmak, daşky gurşawy goramak üçin durmuş hyzmatlarynyň hilini gowulandyrmaga mümkinçilik berýär.
Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri, ilkinji nobatda, netijeli sanly we ýaşyl çözgütleri ilerletmek meselesinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşmaga taýýardygyny bellediler. Şeýle hem olar Arkadag şäheriniň diňe bir adamlaryň ýaşaýşy üçin amatly şäher bolman, eýsem, ylmy, bilimi, sporty ösdürmegiň, giň halkara hyzmatdaşlygyň hem merkezi boljakdygyna ynam bildirdiler.
Günüň ikinji ýarymynda «Akylly» we «ýaşyl» şäherler üçin tehnologiýalar hem-de çözgütler” atly mowzuklaýyn mejlisler utgaşykly görnüşde geçirildi.Mejlisleriň dowamynda “akylly” tehnologiýalaryň adamlaryň gündelik durmuşyna edýän täsiri, durnukly binagärlik we şäher taslamalary, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň özara utgaşdyrylmagy, kiberhowpsuzlyk, “akylly” ulag ulgamy ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenler ykdysadyýetiň uçdantutma sanlylaşdyrylmagynyň kärhanalardan, guramalardan we kompaniýalardan hünärmenleriň innowasion tehnologiýalardan baş çykarmagy meselesine, kiberhowpsuzlygyň üpjün edilmegine aýratyn üns bermeklerini talap edýändigini bellediler. Çünki aragatnaşyk ulgamynyň geljegi internet torlary, 5G, “Big Data” tehnologiýalary ýaly düşünjeler bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.
Şeýle hem daşary ýurtly bilermenleriň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ösdürmegiň täze ugurlary baradaky çykyşlary diňlenildi.Durnukly ösüşiň bähbidine sanly we “ýaşyl” geçişiň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Häzirki zaman tehnologiýalarynyň ykdysady ösüş, döwlet hyzmatlaryny dolandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýandygy, tebigy serişdeleri dolandyrmagy gowulandyrmak üçin uly kuwwatynyň bardygy bellenildi. Çykyş edenler emeli aň, “ýaşyl” logistika, “akylly” duralga, innowasion hyzmatlar ýaly meselelere degip geçdiler. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurt tejribesini öwrenmegiň, halkara derejede ylmy maglumatlary alyşmagyň, ugurdaş düzümler we halkara guramalar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegiň möhümdigi nygtaldy.
“Arkadag şäheri — “akylly” we “ýaşyl” tehnologiýalar şäheri” atly halkara maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
Şeýle hem maslahatyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen «NEC Communication and Information Technologies Ltd» kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen «DeltaTelecom» kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Paýtagtymyza, Arkadag şäherine hem-de “Gala” medeni-dynç alyş merkezine guralan gezelençler daşary ýurtly myhmanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy.