Pera Palas

Stambuldaky Pera Palas myhmanhanasynyň şol bir wagtda-da muzeý derejesindedigini bilýäňizmi?

130 ýyldan bäri Stambulyň iň owadan künjeginde ýerleşýän we hamala diýersiňiz taryh bilen bäsleşýän Pera Palas myhmanhanasy meşhur myhmanlarynyň ýatlamalardan doly otaglary sebäpli muzeý-myhmanhana derejesine eýedir.

Pera Palas ençeme taryhy şahsyýetiň Stambuldaky öýi bolan bolsa, köp sanly taryhy waka şaýatlyk etdi.M.K.Atatürk 1917-nji ýyldan başlap Pera Palas myhmanhanasynda ençeme gezek bolýar we ýokary derejeli myhmanlaryny kabul edýär. Ýaşan 101-nji otagy doglan gününiň 100-nji ýylynda müzeýe öwrüldi.

Atatürkiň iň gowy görýän reňkleri bilen dizaýn edilen otagda, onuň hususy goşlary, muzeýlerden alynan kitaplary, žurnallary, gol çekilen fotosuratlary we ordenleri ýaly eserler sergilenýär.

Pera Palas myhmanhanasy taryh boýy Stambula gelen daşary ýurt döwlet resmileri, syýasatçylar we sungat ussatlary tarapyndan isleg bildirilýän ýer bolupdyr.Pera Palasda bolan meşhurlardan Agata Kristi biziň günlerimizde-de höwes bilen okalýan meşhur romanlaryny şol ýerde ýazýar.

Myhmanlaryny kabul edýän myhmanhanada gül yzly we ýüpek goşlar bilen bezelen Greta Garbo süiti, Hemingweýiň kitaplary bilen bezelen Ernest Heningweý süiti, Haliç we Pier Loti panoramaly Pier Loti süiti mihmanlara ýatdan çykmajak pursatlary başdan geçirdýär.

Ýene degişli makalalar

“Bawariýa” londonlylaryň 2 futbolçysyny 116 million ýewro transfer etdi
15 ýyllyk toparyndan gaýtdy
Pera Palas myhmanhanasynyň meşhur Orient Ekspress üçin gurlandygyny bilýäňizmi?
Türkmenistanly ýetginjek agyr atletikaçylar Meksikadaky dünýä çempionatynda ýene bir kiçi medaly gazandylar
Premier Ligada möwsümiň oýunçysy mälim edildi
Ýylyň futbolçysy we tälimçisi kim bolar?