Pentagonyň başlygy Demirgazyk Koreýany gepleşiklere gatnaşmaga çagyrýar

Pentagonyň başlygy Demirgazyk Koreýany gepleşiklere gatnaşmaga çagyrýar

Günorta Koreýa sapar eden ABŞ-nyň Goranmak ministri Demirgazyk Koreýany ikitaraplaýyn gepleşikleri täzeden başlamaga çagyrdy.

Ostin: "Demirgazyk Koreýanyň raketa we ýarag programmalaryny ösdürmegi dowam etdirýändigini görkezýän bilelikdäki hasaplamamyzy tassyklaýarys" -diýdi.ABŞ-nyň Goranmak ministri we Günorta Koreýanyň Goranmak ministri Su Wuk bilelikde"Demirgazyk Koreýanyň diplomatiýa gaýdyp gelmegini isleýäris" -diýdiler.

Bu duşuşykda Günorta Koreýanyň Goranmak ministri , ýurtda 28,500 amerikan goşunynyň bolmagynyň dowam etdiriljekdigini tassyklady. 2020-nji ýylda prezident Jo Baýdeniň kasam kabul ediş dabarasyndan soň Demirgazyk Koreýanyň işi Donald Trumpyň döwründe bolşy ýaly Ak tamyň daşary syýasatynda bolmady.

ABŞ-nyň Goranmak ministriniň Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaragsyzlanmak baradaky gepleşiklere gaýdyp gelmeginiň zerurlygy baradaky aýdan sözleri, Waşingtonyň bir resmisiniň soňky iki ýylda eden tertibsiz çykyşlary esasyndadir.Trump administrasiýasy döwründe ABŞ hökümetini gyzyklandyrýan esasy meseleleriň biri Demirgazyk Koreýa bilen gepleşikleri we ýadro ýaragsyzlanmagyny ara alyp maslahatlaşmakdy we Tramp bu maksat bilen Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Un bilen birnäçe gezek duşuşyp gürrüň edipdi.

ABŞ hökümetiniň esasanam Trump döwründe daşary syýasata bolan durnuksyzlygy we yzygiderli üýtgemegi, şol sanda Demirgazyk Koreýa barada, Ak tamyň beren wadalary we borçnamalary bu ýurdyň has ynamsyz bolmagyna sebäp boldy

Hususan-da, 2018-nji ýylyň iýun aýynda Demirgazyk Koreýanyň lideri bilen ABŞ-nyň prezidentiniň arasynda SingapurdA geçirilen gepleşikleriň birinji tapgyryndan soň, Waşington Phenýana garşy gapma-garşylykly we konstruktiw däl syýasat alyp bardy, bu iki ýurduň liderleriniň arasyndaky gepleşikleriň ýatyrylmagyna sebäp boldy we Demirgazyk Koreýa hem raketa we ýadro synaglaryny dowam etdirdi Demirgazyk Koreýa bilen geçirilen gepleşikleriň birinji tapgyrynda ABŞ Phenýanyň raketa we ýadro synaglaryny togtatmak bilen bir hatarda ýurda garşy sanksiýalary ýatyrmagy wada berdi.

Demirgazyk Koreýa raketa we ýadro maksatnamalaryny togtatsa-da, Amerikanyň Birleşen Ştatlary beren wadasyny ýerine ýetirmedi we bu ýurda syýasy basyşlar we ykdysady sanksiýalar dowam edip, ýadro ýaragsyzlanmak baradaky gepleşikleri puja çykardy.

Ýene degişli makalalar

ABŞ Demirgazyk Koreýa Bilen Bagly Habarlary Seljerýär
Siriýada, ABŞ-nyň Öňbaşçylygyndaky DAEŞ-e Garşy Koalisiýa Güýçlerine Hüjüm Guraldy
Milli Goranmak Ministri Güler, Amerikaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçir
ABŞ Ukraina Goldaw Bermäge Dowam Eder
ABŞ Ysraýyla Goldawyny Dowam Etdirer
ABŞ Ýakyn Gündogardaky Ýagdaý Bilen Ýakyndan Gyzyklanýar
ABŞ Demirgazyk Koreýa Russiýa bilen bagly çagyryş berdi