ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagonyň Metbugat geňeşçisi Jon Kirbi, Russiýanyň Ukrainada harby jenaýat edýändigini görýändiklerini we onuň bilen baglanşykly delilleri ýygnamak işlerine kömek berýändiklerini habar berdi.
Gündelik metbugat ýygnagynda Russiýa-Ukraina söweşi barada beýanat beren Jon Kirbi: "Ruslar ýetmek islän maksatlarynyň uly bölegine we hat-da hiç birine diýen ýaly ýetip bilmediler" diýip habar berdi.
Russiýanyň entegem Harkow, Mariupol, Çernigow we Kiýew ýaly şäherlere girip bilmändiklerini aýdan Kirbi, şol ýagdaýyň Russiýanyň goşunynyň has hem gaharyny getirendigini beýan etdi.
Kirbi: "Şol gahary has köp hüjümler gurap aýyrmaga synanyşýarlar" diýip belledi.
Hüjümleriň uly harabalyklara we asuda ilat ýitgilerine sebäp bolýandygyny aýdan Kirbi: "Elbetde Russiýanyň harby güýçleriniň harby jenaýat edýändigi bilen bagly açyk ýagdaýda subutnamalar görýäris we şol delilleriň ýygnalmagyna kömek berýäris, bu derňew tapgyrydyr we ol dowam edýär" diýip mälim etdi.
Ak Tamyň metbugat geňeşçisi Jennifer Psaki hem gündelik metbugat ýygnagynda, Russiýanyň Ukrainada esassyz we bikanun söweş alyp barýandygyny belläp: "Russiýanyň asuda ilaty bilkastlaýyn ýagdaýda nyşana alýandygy we tapawut goýmadan hüjümler guraýandygy barada açyk ýagdaýda subutnamalar görýäris" diýip belledi.