17-nji martda Aşgabatda güýçli ýagyş ýagmagyna garaşylýar. Günüň dowamynda 40 mm-den geçýän ygal düşüp biler diýip howa gidrometeorologlar çaklaýar.
Ygalyň aglaba mukdary çarşenbeden penşenbä geçilýän gije düşer. Günüň ortasyna çenli ýagşyň depgini peselip, agşam sagat 8-e çenli dynar. Gündizki maksimal temperatura +8 gradusa düşer. Şemalyň tizligi pes bolup, sekuntda 7 metrden geçmez. Ýurduň beýleki sebitlerinde hem ýagyş ýagar, emma o diýen güýçli bolmaz.