Penjire ýa-da aýnanyň ýüzüne sähelçe tegmil degse, mese-mälim bolup görnüp durýar.Eýsem, aýnany we penjiräni nähili arassalamaly?Aýnany ýokardan aşaklygyna ýuwsaň, damjalar ozal arassalanan ýere düşmeýär.
Aýna tämizleýji pürkülýän serişdeler hem-de ýörite esgi işi has aňsatlaşdyrýar.Arassaçylyk serişdesi hökmünde başga-da köp zatdan peýdalanyp bolar.Egin-eşik ýuwlanda goşulýan ýumşadyjy serişdäni hem aýna ýuwmakda ulanyp bolýar.
Munuň üçin bu serişdäni deň mukdarda suwa goşup, esgini ezip ýa-da çotga bilen ulanmaly.Häzirki wagtda arassaçylyk işleri üçin mikrosüýümli ýörite esgiler ulanylýar.Muňa garamazdan, gerekmejek ýuka kagyzlary hem ýuwlan aýnany süpürmek üçin peýdalanyp bolar.
Aýnanyň ýüzünde boýag serişdesi ýa-da başga bir gaty tegmil bar bolsa, ony gaty zat bilen aýyrjak bolmaly däl. Şeýle tegmili aýyrmak üçin kagyzy miwe sirkesine batyryp, şonuň bilen arassalamaly. Ýuwlandan soňra kagyz bilen süpürilip guradylan aýna uzak wagtlap ýalpyldap durýar.
Aýna arassalaýjy serişdä biraz şampun goşup hem aýnany ýuwup bilersiňiz. Ýöne köpürjikleri aýyrmak kyn bolýandygy sebäpli, şampuny azrak goşmaly.Gün şöhlesi düşüp duran penjiräni arassalamak kyn bolýar.Sebäbi, şöhle düşüp durka aýnanyň ýüzündäki yzlary görüp bolmaýar.
Aýna hernäçe süpürilse-de, ýene-de tegmil galýar.Aýnanyň ýüzünde barmagyň yzynyň galmazlygy üçin gap-gaç ýuwmaga ýa-da bir gezek ulanmaga niýetlenen ellik geýip bilersiňiz.Penjiräniň ilki daşyny, soňra iç tarapyny arassalamaly.
Arassaçylyk işleri geçirilende himiki serişdeleri gereginden artyk we talabalaýyk bolmadyk görnüşde ulanmakdan saklanmaly.Himiki serişdeleriň aşa köp ulanylmagy saglyk üçin zyýanly bolup, ilki bilen arassaçylyk serişdeleriniň daşyndaky ulanyjylar üçin gözükdirijini hökman okamalydygyny ýatdan çykarmaly däl. Şeýle hem köp gatly ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýan bolsaňyz, penjiräniň daşyny arassalamakdan saklanmaly.
Eger-de penjiräniň daşky aýnasyny arassalamak zerur bolan halatynda, egrelip, uzalýan, ujy çotgaly ýörite ýuwujy gurallary ulanmaly.Bu ýuwujy gural penjiräni açyp, öýüň içinde duran ýeriňizden penjiräni ýuwmaga mümkinçilik berýär.
Islendik aýnanyň döwlüp bilmegini ýa-da kesip bilijilik häsiýetini göz öňünde tutmak bilen, seresaplylygy we ätiýaçlylygy ünsden düşürmeli däl. /* custom css */ .td_uid_15_6730a274a6d24_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_6730a274a6d24_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }