Glas partiýasyndan dalaşgär görkezilen Slowakiýanyň Mejlisiniň Başlygy Peter Pellegrini ýurtda geçen Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ýeňiş gazandy diýip, ýerli habar beriş serişdelerine salgylanýan Trend habar berdi.
Saýlaw býulletenleriniň 99,8 göterimi sanalanda, Pellegrini üçin saýlawçylaryň 53,18 göteriminiň ses berendigi belli boldy. Onuň garşydaşy, Slowakiýanyň daşary işler ministri, liberal partiýanyň wekili Iwan Korçok üçin saýlawçylaryň 46,81 göterimi ses berdi.