Ýyldyz futbolçy Pele soňky ýoluna ugradyldy.
Pele, Santos şäherinde ömrüniň esasy bölegini geçiren ýeri bolan stadiony görýän gonamçylyga jaýlandy.
Geçen hepde penşenbe güni aradan çykan braziliýaly futbolçynyň tabydy janköýerleri bilen hoşlaşmagy üçin Santos stadionyna getirildi.
Janköýerler 24 sagadyň dowamynda Pele bilen hoşlaşmak üçin stadiona geldi
230 müň adamyň Pele bilen hoşlaşmak üçin stadiona gelendigi nygtaldy.
Peleniň jynaza namazyna Türkiýeden Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly gatnaşdy.
Peleniň tabydyny alyp giden ulag, oglunyň ýogalandygyndan bihabar 100 ýaşyndaky ejesiniň öňünden geçdi.
Ýyldyz futolçy Santos stationy görýän gonamçylygyň 9-njy gatyna jaýlandy.