Peläniň futbol karýerasy

1940-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Braziliýanyň Minas-Žeraýs ştatynyň Tres-Korasoýns şäherinde dünýä inen Pele 15 ýaşynda “Santos” klubunda professional karýerasyna başlaýar. 1 ýyldan soň, milli ýygyndyda-da oýnap başlan Pele 17 ýaşyndaka Dünýä Kubogyny eýeleýär.

Doly ady Edson Arantis du Nasimentu bolan Pele 1956-njy ýyldan 1974-nji ýyla çenli “Santos” toparynyň köýnekçesini geýýär.Ol bu toparda ähli ýaryşlary hasaba alanyňda, 656 oýun geçirip, şolarda 643 goly öz adyna ýazdyrýar.

Pele 1975-nji ýylda “Nýu Ýork Kosmos” klubunyň hataryna goşulýar we bu ýerde-de 3 möwsüm, ýagny karýerasyny tamamlaýança çykyş edýär.Ol amerikan toparynyň düzüminde-de 107 oýunda 64 gezek tapawutlanýar.

Pele ilkinji gezek 16 ýaşynda, 1957-nji ýylyň 7-nji iýulynda milli ýygyndynyň köýnekçesini geýýär. Şonda “Marakana” stadionynda Braziliýanyň ýygyndysy ezeli bäsdeşi Argentinany 2-1 ýeňýär. 1971-nji ýyla çenli-de ýygyndynyň esasy ýyldyzy bolýar.

Ol şol döwürde 92 oýunda 77 gol geçirýär.Pele resmi däl ýoldaşlyk duşuşyklaryny-da hasaba alanyňda milli ýygyndynyň köýnekçesi bilen 95 goly derwezä girizýär.

Pele Braziliýanyň ýygyndysy bilen 3 gezek Dünýä Kubogyny (1958, 1962, 1970) gazanýar.Ol bu ugurda futbolyň iň uly kubogyny 3 gezek asmana göteren ýeke-täk futbolçydyr.Dünýä Kubogynyň finalynda çykyş eden iň ýaş futbolçy bolan Pele bu ýaryşda het-trik eden iň ýaş futbolçy adynyň hem eýesidir.

Dünýä Kubogy ýaryşynda 14 duşuşykda 12 gol geçiren Pele 10 gola-da ýardam asistlik edýär.Peläniň karýerasynda yklymyň çempionlygy ýok bolup, Braziliýanyň ýygyndysyna onuň çykyş eden döwürlerinde Kopa Amerikada çempionlyk gazanmak miýesser etmeýär.

Peläniň klub derejesinde gazananlaryna ser salsak, “Santos” bilen Braziliýanyň çempionlygyna 6, Libertadores Kubogyna 2, Yklymlararasy Kubogyna 2, Yklymlar arasy Naýbaşy kubogyna 1, Paulista welaýatynyň çempionlygyna 10, Rio-Sao Paulo ýaryşynyň çempionlygyna 4 gezek mynasyp bolýar. “Nýu Ýork Kosmos” klubunda-da Konferensiýanyň çempionlygyny hem-de ozalky NASL-yň (häzirki MLS) çempionlyk kubogyny eýeleýär.

Şahsy sylaglary barada-da aýtsak, ol milli çempionatda 3, Libertadores Kubogynda 1, Yklymlararasy Kubogy ýaryşynda 2, Paulista welaýatynyň çempionatynda 11 gezek iň netijeli futbolçy bolýar.

Birnäçe rekordyň hem eýesi bolan Pele 1999-njy ýylda IFFHS (Halkara futbol taryhy we statistikasy federasiýasy) tarapyndan asyryň futbolçysy diýlip saýlanýar. Şol ýyl FIFA tarapyndan hem “futboldaky ezeli bäsdeşi” Diego Maradona bilen asyryň futbolçysy baýragyny paýlaşýar.

Pele öz hasaplamalaryna görä, ähli duşuşyklary (resmi, resmi däl, resmi däl ýoldaşlyk duşuşyklaryny) hasaba alanyňda, 1363 oýunda 1279 gol geçirip, bu ugurda Ginnesiň rekordlar kitabyna-da adyny ýazdyrýar.Resmi hasabatlara seretsek, Pele 831 oýunda 767 gol bilen umumy sanawda 3-nji orunda barýar. 3 gezek öýlenen Peläniň 7 çagasy bar. 1995-1998-nji ýyllar aralygynda ýurdunyň Sport ministri wezipesinde işlän Pele “Time” žurnaly tarapyndan 1999-njy ýylda iň täsirli 100 ynsan sanawyna hem alynýar.

Hemişe Maradona bilen deňeşdirilýän Pele 1994-nji ýylda ÝUNESKO-nyň parahatçylyk ilçisi saýlanýar.

Ýene degişli makalalar

Braziliýaly ýyldyz futbolçy Pele aradan çykdy
Brazil futbolçysy Peläniň ejesi 101 ýaşynda aradan çykdy
Pele we Braziliýanyň ilkinji çempionlygy (Dünýä Kubogy 1958)
Hassahana ýerleşdirilenden soň, Peläniň ýagdaýy durnuklaşdy
Messi karýerasyndaky gollaryň sany boýunça Peleden öňe geçdi
Mewlüt Çawuşogly Pelenyň Jynaza Namazyna Gatnaşar