Azatlygyň çeşmesi şu gün Pekinden Aşgabada gelmeli türkmen uçarynyň Lebap welaýatynda, Türkmenabatda gonandygyny habar berýär, onuň bortundaky ýolgaçylaryň öýlerine goýberilmän, 3 günläp karantin - gözegçilik ýagdaýynda saklanyljakdygy aýdylypdyr.Azatlygyň Hytaýda okaýan türkmen studentleriniň arasyndaky çeşmesi kursdaşynyň bu reýs bilen Aşgabada gaýdandygyny, onuň ýany bilen alan azyk önümleriniň ählisini zyňdyrandyklaryny habar berdi. Şu aralykda "Turkmen.news" neşiri, öz çeşmelerine salgylanyp, Hytaýdan dünýäniň beýleki ýurtlaryna hem ýaýrap başlan wirus sebäpli, Lebap welaýatynyň durşuna karantin zonasy diýlip yglan edilendigini habar berdi. "Turkmen.news" uçuşlary yzlaýan "Flightradar24" gullugyna salgylanyp, şu gün Hytaýdan gelen uçaryň Aşgabatda gonmaga derek, Türkmenabatda gonana meňzeýändigini hem habar berdi.
Hytaýda ýaýran wirus sebäpli bu ýurtda okaýan türkmen studentleriniň maliýe ýagdaýlarynyň öňküsinden hem çylşyrymlaşandygy aýdylýar. “Uniwersitetden daşyna çykaranoklar, banklar doly işlänok.Wiza kartlary bilen pul alyp bolmaýar.Eger kartyň bankomatda galsa, işiň gaýtdygy” diýip, Hytaýda okaýan türkmen studenti aýtdy. “Western Union” arkaly ugradylan pullary hem häzir almak kyn, düýpden alyp bolanok diýsek-de bolar” diýip, student sözüni dowam etdirdi. Şeýle-de ol studentleriň käbiriniň "hökümet WU arkaly iberilýän puluň möçberiniň biraz köpeltse-de, uly kömek etdigi, bize başga zat gerek däl" diýýändigini aýtdy.
Aýdylmagyna görä, studentelere ilçihana tarapdan goşmaça türkmen uçary bilen üpjün edilmek ähtimallygy agzalypdyr, ýöne munuň haçan boljakdygy belli däl. Şeýle-de, çeşme beýleki ýurtlaryň raýatlarynyň ewakuasiýa edilýändiginini eşidendiklerini belläp, türkmen ilçihanasynyň diňe wechat messenjer ulgamynda "emergency turkmenistan" diýen wechat toparyny açandygyny, onuň hem wechat toparlarynyň sany 500 adama ýetende dolup, başga adam goşmaz ýaly bolandygyny aýtdy.
IlçihanaTürkmenistana dolanasy gelýän studentler bilen uly bir iş geçirmeýär, şol bir wagtda ýurda dolanmakdan çekinýän, alada edýän studentler hem az däl diýip, çeşme aýtdy.Onuň tassyklamagyna görä, “Men ýurda baranymdan soň, Hytaýda ýagdaý gowulansa, yzyma dolanyp bilerinmi ýa-da bilmerin, bu belli däl” diýip, studentleriň köpüsi soňra okuwlaryny ýitirmekden alada galýar. Çeşmäniň tassyklamagyna görä, Hytaýda häzir umumylykda alanyňda 300 töweregi türkmenistanly student yzyna dolanmak isleýär, olaryň 150 sanysy onuň ýaşaýan şäherinde ýerleşýär.
Türkmen hökümeti hiç hili maglumat bermänsoň, Azatlyk Hytaýda okaýan ýa işleýän türkmenistanlylaryň anyk sanyny aýdyp bilmeýär.Bu maglumat “Türkmenhowaýollarynyň” Pekine we Bankoga uçar gatnawlaryny 2-nji fewraldan togtadýandygy barada çykan maglumatlaryň yz ýanyna gabat geldi.
Türkmenistanyň “Turkmenportal” neşiri 31-nji ýanwarda “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Aşgabatdan Pekine we Bankoga bolan yzygiderli uçar gatnawlaryny näbelli möhlete çenli bes edýändigini habar berýär. “Türkmenistan” awikompaniýasynyň uçarlary, düzgün boýunça, şu gün Taýlandyň paýtagtyna we Pekine uçdy, olar irden, ýagny 1-nji fewralda Aşgabada dolanyp geler diýip, habarda aýdylýar. Şeýle-de, Bankok, Pekin we Aşgabat arasyndaky uçar gatnawy togtadylmazyndan öňki iň soňky reýsiň 2-nji fewralda, ýekşenbe güni boljakdygy bellenýär.
Neşiriň “Türkmen howaýollaryna” salgylanyp ýazmagyna görä, 6-njy fewralda Bankogo, 7-nji fewralda Pekine bolmaly uçar gatnawlary Hytaýda ýaýran koronawirus sepäpli goýbolsun edilýär, bu ýurtda galan türkmen raýatlary ýörite reýsler bilen alnyp gaýdylar.
Uçar gatnawlarynyň haýsy möhlete çenli togtadylýandygy häzirlikçe belli däl we gatnawyň dikeldilýändigi barada goşmaça habar berler.Bütindünýä saglyk guramasy (BSG) dünýäniň hökümetlerini koronawirusyň ýerli şertlerde ýaýramak ähtimallyklaryna taýýar bolmaga çagyrdy. 1-nji fewralda edilen çagyryş Hytaýyň ýurtda bu wirusdan ölen adamlaryň sanyny 259 adama galdyran wagtyna gabat geldi.