Pekinde ulag-logistika hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-hytaý gepleşikleri geçirildi

Pekinde ulag-logistika hyzmatdaşlygy boýunça türkmen-hytaý gepleşikleri geçirildi

Şu gün Pekinde Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ulag we logistika hyzmatdaşlygy baradaky kiçi komitetiň ilkinji duşuşygy geçirildi. Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew ýolbaşçylyk etdi.

Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, Hytaý tarapyna ulag ministriniň orunbasary Li Ýan ýolbaşçylyk etdi. Duşuşyga China Railway International Multimodal Transport Co., Ltd we China Road and Bridge Corporation ýaly iri kompaniýalar hem gatnaşdy.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda ulag we logistika gatnaşyklarynyň ösüşiniň oňyn depgini we iki ýurduň ulag geçelgelerini ulanyp, Merkezi Aziýanyň üsti bilen HHR-den Ýewropa eltip bermek üçin täze girdejili ugurlary ösdürmegiň mümkinçiligini öwrenmegiň ähmiýeti hakynda bellenildi.

Taraplar Hytaýyň Bir guşak, bir ýol başlangyjy bilen Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek strategiýasyny birleşdirmegi güýçlendirmek üçin iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň öňde goýan wezipelerine ygrarlydyklaryny mälim etdiler.

Hususan-da, türkmen tarapy, dürli ulag görnüşlerini netijeli utgaşdyrmaga mümkinçilik berýän, Türkmenistanda bar bolan terminallary we logistika merkezlerini ulanyp, üstaşyr gatnawlaryň ugurlaryny guramak üçin hytaý kompaniýalaryna amatly şertleri hödürlemäge taýýardyr.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda ulag we logistika hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça degişli Teswirnamasyna gol çekildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Hytaý Ýewropa uzaýan täze ulag geçelgelerini döretmegi meýilleşdirýär
Türkmenistandan Eýrana ýük düzümi geçdi
Işewürlik-daýdžest: 31-nji oktýabrdan 6-njy noýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady habarlary
08.01.2018 | Türkmenistandan Eýrana synag gatnawyny amala aşyrýan konteýner ýük düzümi geçdi
Türkmenistan Beýik Ýüpek ýoluny polat görnüşinde dikeldýär
Türkiýeden Baku Tbilisi Kars demir ýolunyň üsti bilen ilkinji ýük otlusy ýola goýuldy