Pekinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Pekinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

23-nji ýanwarda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýaşlar Watanyň daýanjy atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çärä Hytaý milli wekilçiliginiň uniwersitetiniň professor-mugallymlary Hu Çženhua we Minawar Aýbibulla, Hytaý atçylyk guramasy assosiasiýasynyň Baş sekretary Ýue Gaofen, Hytaý-türkmen dostluk merkeziniň başlygynyň orunbasary An Szinlun, Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Dabaraly çäräniň dowamynda 2024-nji ýylyň Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy we şu ýylyň TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan Änew şäheriniň Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýip yglan edilmegi mynasybetli tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi.

Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki hem-de nesilleriň arabaglanyşygyny berkitmekdäki orny, hytaý we türkmen ýaşlarynyň arasyndaky dostluk gatnaşyklary dogrusynda belläp geçdiler. Şeýle-de şu ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara çäreleri geçirmek we olara taýýarlyk görmek boýunça pikir alyşmalar gurnaldy.

Ýene degişli makalalar

Pekinde döwlet Baştutanymyzyň Atda wepa-da bar, sapa-da we Türkmen alabaýy kitaplary bilen tanyşdyrylyş geçirildi
MAGTYMGULYNYŇ DÖREDIJILIGI — DÜNÝÄ MEDENIÝETINIŇ GYMMATLY MIRASY
Türkmen bedewiniň şanyna toý tutulýar
Türkmenistan-Hytaý ýaşlarynyň dostlukly atçylyk toplumy açyldy
Hytaýly atşynasa Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň şahadatnamasy gowşuryldy
Dana şahyryň döredijilik taglymaty