Pekinde Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda geňeşmeler geçirildi. Geňeşmelerde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew ýolbaşçylyk etdi, hytaý tarapyna Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Ma Çžaosýu wekilçilik etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
21-nji noýabrda bolan duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-hytaý strategiki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna ünsi çekdiler.
Halkara we sebit guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky üstünlikli hyzmatdaşlygy barada bellendi. Şeýle hem taraplar Merkezi Aziýa — Hytaý hyzmatdaşlyk formatynyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri barada pikir alyşdylar.
Habarda bellenilişi ýaly, diplomatlar söwda-ykdysady ugurda netijeli hyzmatdaşlygy bellediler, energetika, ulag-aragatnaşyk arabaglanyşygy, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça bilelikdäki işleriň gidişini seljerdiler. söwda-ykdysady ugurda netijeli hyzmatdaşlygy bellediler, energetika, ulag-aragatnaşyk arabaglanyşygy, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça bilelikdäki işleriň gidişini seljerdiler.