Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekine bolan iş saparynyň jemleýji gününde Halk ýygnaklar öýünde HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy.
Duşuşygyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Başlygy Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde okgunly ösdürilýän hem-de uzak geljegi nazara alyp ýola goýulýan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşyk tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyzyň HHR-e iş saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Şol resminamalaryň hatarynda:
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk;
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük edarasynyň arasynda Ygtyýarly Ykdysady Operatorlary maksatnamasynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.