Pekinde Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

24-nji noýabrda Pekiniň Daşary ýurt dilleri uniwersitetinde Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy we Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklar atly ylmy maslahat, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň 100 sany saýlanan goşgularynyň hytaý dilindäki täze neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Maslahatyň dowamynda Pekiniň Daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň rektory, professor Szýa Wenszýan, şeýle hem Türkmenistanyň HHR-daky Ilçisi P.Durdyýew çykyş etdiler.Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ähmiýeti we ýurtlar bilen halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmekdäki orny bellenildi.

Hytaýyň atçylyk assosiasiýasynyň howandarlygynda we Türkmenistanyň HHR-daky ilçihanasynyň goldaw bermeginde jemi 1000 nusgada çap edilen, Pekiniň Daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň professory Daý Guýsýu tarapyndan terjime edilen nusgawy şahyryň täze goşgular ýygyndysyna aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň giriş sözleri bilen başlanýan bu kitap Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýubileý medaly gowşurylan Hytaýyň atçylyk assosiasiýasynyň Baş sekretary Ýue Gaofenanyň sözbaşysyny, şeýle hem Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň Alymlar geňeşiniň makalalaryny öz içine alýar. Çäräniň barşynda Pekiniň Daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň türkmen bölüminde bilim alýan talyplar Magtymgulynyň goşgularyny türkmen we hytaý dillerinde okadylar.

Soňra Türkmenistanyň ilçisi we hormatly myhmanlar şahyryň hytaý dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdiler.Maslahatyň çäginde Türkmenistanyň ilçisi Pekiniň Daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň rektory, professor Szýa Wenszýan bilen duşuşdy.

Taraplar türkmen we hytaý dillerini öwrenmäge, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň goşgularyny degişli maksatnamalaryň çäginde terjime etmek boýunça işleri dowam etdirmäge ünsi çekip, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen diplomaty Pekiniň Daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň rektoryna Türkmenistanyň Prezidentiniň Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet atly kitabyny sowgat berdi. /* custom css */ .td_uid_15_6745ba8842027_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_6745ba8842027_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Pekinde Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň tanyşdyryldy
Pekinde Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy tanyşdyryldy
Pekinde döwlet Baştutanymyzyň Atda wepa-da bar, sapa-da we Türkmen alabaýy kitaplary bilen tanyşdyrylyş geçirildi
Aşgabatda Ahal-teke atçylyk birleşiginiň mejlisi geçirildi, synçylar atlaryň 'syýasatyň pidasy' bolandygyny aýdýarlar
Türkmenistan-Hytaý ýaşlarynyň dostlukly atçylyk toplumy açyldy
Türkmen bedewiniň şanyna toý tutulýar