Pekinde Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy tanyşdyryldy

24-nji noýabrda Pekiniň Daşary ýurt dilleri uniwersitetinde Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy we Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklar atly ylmy maslahat, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň 100 sany saýlanan goşgularynyň hytaý dilindäki täze neşiriň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýtynda habar berildi.

Maslahatyň dowamynda Pekiniň Daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň rektory, professor Szýa Wenszýan, şeýle hem Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçisi P.Durdyýew çykyş etdiler.

Çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ähmiýeti we şahyryň eserleriniň halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmekdäki orny bellenildi. Hytaýyň atçylyk assosiasiýasynyň howandarlygynda we Türkmenistanyň HHR-däki ilçihanasynyň goldaw bermeginde jemi 1000 nusgada çap edilen, Pekiniň Daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň professory Daý Guýsýu tarapyndan terjime edilen nusgawy şahyryň täze goşgular ýygyndysy barada aýratyn durlup geçildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň giriş sözleri bilen başlanýan bu kitap Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýubileý medaly gowşurylan Hytaýyň atçylyk assosiasiýasynyň Baş sekretary Ýue Gaofenanyň sözbaşysyny, şeýle hem Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň Alymlar geňeşiniň makalalaryny öz içine alýar.

Çäräniň barşynda Pekiniň Daşary ýurt dilleri uniwersitetinde bilim alýan türkmen talyplar Magtymgulynyň goşgularyny türkmen we hytaý dillerinde okadylar. Soňra Türkmenistanyň ilçisi we hormatly myhmanlar şahyryň hytaý dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdiler.

Maslahatyň çäginde TürkmenistanyňiIlçisi Pekiniň Daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň rektory, professor Szýa Wenszýan bilen duşuşdy. Taraplar türkmen we hytaý dillerini öwrenmäge, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň goşgularyny degişli maksatnamalaryň çäginde terjime etmek boýunça işleri dowam etdirmäge ünsi çekip, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen diplomaty Pekiniň Daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň rektoryna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet atly kitabyny sowgat berdi.

Ýene degişli makalalar

Pekinde Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň tanyşdyryldy
Pekinde Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Türkmenistan-Hytaý ýaşlarynyň dostlukly atçylyk toplumy açyldy
Türkmen bedewiniň şanyna toý tutulýar
Hytaýly atşynasa Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň şahadatnamasy gowşuryldy
Pekinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi