Pekinde 1951-nji ýyldan bäri görülmedik yssy höküm sürýär

Pekinde 1951-nji ýyldan bäri görülmedik yssy höküm sürýär

Hytaýyň paýtagtynda görülmedik yssy howa dowam edýär, ýagny Pekinde howa howpunyň iň ýokary, gyzyl derejesi yglan edildi. Etraplaryň köpüsinde günüň dowamynda termometriň sütünjigi Selsiý boýunýa 40 gradusdan pese gaçmady diýip, MIR 24 ýazýar.

40 graduslyk jokrama yssy howa eýýäm dört gün bäri dowam edýär, bu meteorologik stansiýanyň işläp gelýän 1951-nji ýyldan bäri hasaba alnan iň ýokary görkezijidir. Öň iýunyň başyndan 5-nji iýula çenli paýtagtyň Nanszin etrabynda howanyň derejesi 18 günläp, 35 gradusdan pese gaçmady.

Pekinlilere binalardan daşarda bolmagy azaltmagy we gün urmadan goranmak üçin zerur çäreleri görmegi maslahat berýärler. Çaklamalara görä, yssy howa anna gününe çenli dowam eder diýip, ýerli Sinhua habarlar gullugy ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Yzly-yzyna 5 Olimpiadada çempionlyk gazanan ilkinji türgen
Hytaý Iki Emel Hemra Uçurdy
Täze guýyny burawlap başlady
Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlary bilen sanly söwdany giňeldýär
Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlaryna 3,7 milliard dollar kömek berer
Hytaý we Merkezi Aziýa ýurtlary Işewürler geňeşini döreder