Pekin 2008-den bäri çempion bolup gelýär, yzly-yzyna 4-nji altyn medaly

Göreşiň grek-rim görnüşi boýunça erkekleriň arasynda 130 kg agramda çempion Pekin 2008-den bäri üýtgemän gelýär. Kubaly 38 ýaşyndaky Mihain Nunes Lopes bassyr 4-nji altyn medalyny boýnuna dakdy. 2008, 2012, 2016-njy ýyllaryň çempiony finalda gruziýaly Ýakob Kajaýadan 5:0 üstün çykdy.

Şunlukda, Mihain Lopes yzly-yzyna 4 Olimpiada altyn medal gazanan ilkinji göreşiji boldy. Ol bu ugurda russiýaly Aleksandr Karelin bilen paýlaşýan rekordyny öz adyna geçirdi. Mihain Nunes Lopes 2004-nji ýylda 120 kg agram derejesinde kümüş medal gazanypdy.

Tokio 2020-de 130 kg agram derejesinde bürünç medaly türkiýeli Ryza Kaýaalp hem-de russiýaly Sergeý Semýonow gazandylar.

Ýene degişli makalalar

Yzly-yzyna 5 Olimpiadada çempionlyk gazanan ilkinji türgen
Ýene 1 goldan 100 bolýar
Peru maýmyn mamasy sebäpli sanitar ynjalyksyzlanma yglan etdi
Obrador Bilen Baýden Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
SpaceX Halkara kosmos stansiýasyna diňe syýahatçylardan ybarat ilkinji ekipažyny ýollady
Meksikanyň häkimiýeti prezident uçaryny kärendesine bermekçi