Ispaniýanyň parlamentiniň aşaky palatasy Ispaniýanyň Sosialistik Işçiler partiýasynyň (PSOE) lideri Pedro Sançesiň hökümet Başlygy wezipesine dalaşgärligini tassyklady. Ses berişligiň netijelerine görä, 350 deputatyň 179-sy Sançesiň Premýer-ministr saýlanmagyny makullady. Syýasatçyny tassyklamak üçin azyndan 176 mejlis agzasynyň sesi gerekdi.
Iýul aýynda geçirilen umumy saýlawlarda konserwatiw Halk partiýasy (PP) ýeňiş gazanyp, parlamentde 137 orna eýe boldy. Sentýabr aýynda Patyşa Filip VI syýasy güýçleriň lideri Alberto Nunes Feýho hökümet gurmagy tabşyrdy. Emma şowsuz boldy. Şoňa görä, monarh Sançesi Premýer-ministrlige hödürledi. Onuň partiýasy saýlawlarda ikinji orny eýeläpdi.
Ispaniýanyň Premýer-ministri, Ispaniýanyň Sosialistik işçiler partiýasynyň lideri Pedro Sançes patyşalygyň täze koalisiýa hökümetinde 22 ministr portfelini saklamak kararyna geldi. Maglumatlara görä, zenanlar 12 ministrlige ýolbaşçylyk eder. Täze hökümet agzalary Patyşa Filip VI-nyň huzurynda kasam kabul etdiler.
Pedro Sançes 1972-nji ýylyň 29-njy fewralynda Madridde dogulýar. 1993-nji ýylda syýasy işe başlan Sançes birnäçe wezipelerde işländen soň, 2018-nji ýylyň 1-nji iýunyndan ispan hökümetiniň täze ýolbaşçysy bolýar. Ispan ykdysatçysy, syýasatçysy, Sosialistik işçi partiýasynyň başlygy Pedro Sançes ýurduň taryhynda halkyň sesi bolmazdan, dalaşgärligi tassyklanan ilkinji Premýer-ministrdir.