
Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gypjakda ýerleşýän Baş metjitde agzaçar sadakasyny berdi.Oňa paýtagtymyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdy.Aşgabadyň Halkara howa menzilinde özbek Lideri mähirli garşylandy.
Soňra ol Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguzhan” köşkler toplumyna geldi.Bu ýerde Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini hormatly Prezidentimiz mähirli garşylady.Dostlukly goňşy döwletiň Baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kakasynyň aradan çykmagy zerarly milli Liderimize we maşgala agzalaryna gynanç bildirip, şu agyr pursatlarda sabyr-takatlylyk, ruhy durnuklylyk arzuw etdi.
Gudraty Güýçli Allatagalanyň emri bilen Mälikguly aga dünýäniň ähli musulmanlary üçin mukaddes bolan Oraza aýynyň şu nurana günlerinde bu dünýeden ötdi.Bu asylly we hoşniýetli ynsan onuň ýakynlarynyň hem-de ähli ildeşleriniň ýüreklerinde parasatly halypa hem-de ömrüni Watanyna we mähriban halkyna hyzmat etmäge bagyşlan hakyky watançy hökmünde hemişelik galar.
Mälikguly Berdimuhamedowyň ady, ol baradaky ýagty hakyda Türkmenistanyň taryhyna hemişelik ýazylar diýip, Özbegistanyň Baştutany nygtady.Milli Liderimiz duýgudaşlyk we medet beriji sözler üçin Prezident Şawkat Miziýoýewe minnetdarlyk bildirip, Özbegistanyň Prezidentiniň şu agyr pursatlarda hakyky dost hökmünde gynanjyny paýlaşýandygyna ýokary baha berýändigini belledi. Özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşygyň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar hem-de ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň we Özbegistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlaryny hem-de geljek üçin niýetlenen meýilnamalary ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit gün tertibiniň we halkara syýasatynyň birnäçe wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Soňra Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň bilelikdäki ulag kerweni Gypjakda ýerleşýän Baş metjide tarap ugrady. Şol ýerde agzaçar sadakasy berildi.Iki dostlukly ýurduň Liderleri Türkmenistanyň Baş metjidine gelenden soň, kümmete baryp, Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň ýagty ýadygärligini hatyraladylar.
Kümmetde Türkmenistanyň we Özbegistanyň müftüleri aýat we doga okadylar.Agzaçar sadakasy başlamazdan ozal, döwlet Baştutanlary söz sözlediler.Nahardan soň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň müftüleri aýat-töwir etdiler.Soňra Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Şawkat Mirziýoýewiň bilelikdäki awtoulag kerweni Aşgabadyň Halkara howa menziline bardy. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz özbek kärdeşine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi we onuň bilen hoşlaşdy. Özbegistan Respublikasynyň Baştutany Watanyna ugrady.