Türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary gyş pasylynyň öňüsyrasynda ýaşaýyş jaýlarynyň ýylylyk üpjünçiligi bilen bagly meseleleri gozgap, üstümizdäki möwsümde şäheriň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini talap edýärler. Bu ulgamlarda gaýtalanýan näsazlyklar ýerli ýaşaýjylary ýylylyk meselesine özbaşdak çäre görmek synanyşyklaryna mejbur edýär.
“Bagtyýarlyk etrabynda ýerleşýän garrylar öýünde ýyladyş ulgamlary işlemeýär. Hossarsyz garrylar sowuk jaýlarda üşäp, sowuklaýarlar, dümewleýärler” diýip, bir şäher ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
“Ýöne hossarsyz garrylar şikaýat edip bilmänsoň, sowuk jaýlarda oňuşmaly bolýarlar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Howa maglumatlaryna görä, şu günler Aşgabatda howanyň temperaturasy gündizlerine plýus 14, 15 gradus bolýar, ýöne gijelerine plýus 3 gradusa çenli sowaýar.
Türkmenistanda oktýabr aýynyň ortalarynda güýz-gyş ýyladyş möwsümi yglan edilýär we ilatyň ýylylyk üpjünçiligi bäş aý çemesi dowam edýär.
Türkmenistanyň döwlet mediasy häzirki wagtda welaýatlardaky medeni-durmuş maksatly binalaryň hem-de ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň işe girizilip, olaryň bökdençsiz işledilýändigini aýdýar.
Muňa garamazdan, ýurduň paýtagtynda ýerleşýän garrylar öýünde raýatlar ýaramaz ýylylyk üpjünçiliginden ejir çekýärler.
Paýtagtyň ýaşaýjylary ýyladyş ulgamlarynda şäheriň ýylylyk tresti tarapyndan alnyp barylýan işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmeýändigini aýdýarlar.
Şäher ilatynyň ýylylyk üpjünçiligi bilen bagly wezipeler “Aşgabatýylylyk” trestiniň üstüne ýüklenýär.
Trestiň işinden habarly çeşmeler bu edaranyň maddy üpjünçiliginiň pes bolandygyny, şol sebäpden şäheriň ýyladyş ulgamlarynda bejeriş işleriniň “ýüzleý” geçirilýändigini aýdýarlar.
“Aşgabat şäheriniň ýyladyş ulgamlaryna degişli turbalary täzelemek üçin, döwlet tarapyndan ýeterlik möçberlerde pul serişdeleri bölünip berilmeýär. Şonuň üçin, ýylylyk tresti güýz-gyş möwsümine taýýarlyk işlerini ýüzleý geçirýär” diýip, çeşmeler aýdýar.
Aşgabat şäheri häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň düzüminde esaslandyrylan “Aşgabatýylylyk” tresti 2018-nji ýylda Ýaşaýyş jaý ulanyş birleşiginiň tabynlygyna berildi.
Azatlyk Radiosy şäher ilatynyň ýylylyk üpjünçiligi bilen bagly problemalar boýunça “Aşgabatýylylyk” trestinden resmi teswir alyp bilmeýär.
Bu aralykda, wagtal-wagtal ýyladyş ulgamlarynda ýüze çykýan näsazlyklardan ejir çekýän şäher ilaty özleriniň goşmaça serişdeleriniň hasabyna umumy ýyladyş ulgamlaryny bejermäge çalyşýarlar.
“Ýaşaýyş jaýlaryna barýan esasy ýyladyş turbalarynda gyzgyn suwuň partlaýan halatlary köp bolýar. Şeýle näsazlyklar birnäçe günläp dowam edýär, ýarylan turbalar öz wagtynda bejerilmeýär” diýip, bir şäher ýaşaýjysy aýdýar.
Ýerli ýaşaýjylar şeýle problemalar ýüze çykan halatynda ýylylyk trestiniň özlerine ýardam bermeýändigini, hatardan çykan turbalary öz wagtynda bejermeýändigini aýdýarlar. Bu ýagdaý şäher ilatyny ýylylyk meselesine özbaşdak çäre görmäge synanyşmaga iterýär.
“Köp gatly jaýlaryň ýaşaýjylary şeýle halatlarda öz aralarynda pul ýygnap, hatardan çykan ýyladyş ulgamlaryny bejertmeli bolýarlar” diýip, şäher ýaşaýjysy aýdýar.
Ýöne sowukdan ejir çekýän hossarsyz garrylar öýüniň ýaşaýjylary ne öz aralarynda pul ýygnap ussalara ýüz tutup bilýärler, ne-de ýyladyş ulgamlary bilen bagly bar bolan problemalar boýunça arz-şikaýat bilen häkimiýetlere ýüz tutup bilýärler.
Şeýlelikde, Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän bir gatly garrylar öýüniň ilaty ýylylyk üpjünçiligine garaşýar diýip, çeşmeler aýdýar.
Türkmen paýtagtynyň iri etraplarynyň biri bolan Bagtyýarlyk etraby günortada ýerleşýän meşhur Ýyldyz myhmanhanasynyň hem-de golf meýdançasynyň ýerleşýän çägini, merkezde Botanika bagynyň hem-de Oba hojalyk uniwersitetiniň ýerleşýän çäklerini, şeýle-de demirgazykda Aşgabat halkara howa menziliniň, Altyn Asyr bazarynyň, Täze zaman ýaşaýyş toplumynyň ýerleşýän territoriýalaryny, galyberse-de, günbatarda Gypjak, Ýasmansalyk we Garadaşaýak obalaryny öz içine alýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.