Paýtagtyň we sebitleriň ýokary okuw mekdepleriniň käbirinde 2017-nji ýylyň giriş synaglary tamamlandy

Giriş synaglarynyň netijesi boýunça DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutyna, S. Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna, Daşoguzyň Oba hojalyk institutyna we ýurdumyzyň döredijilik ýokary okuw mekdepleriniň üçüsine okuwa girenleriň ady belli boldy.

Mugallymçylyk institutyna bir ýere alty dalaşgär geldi. Ýokarda ady agzalan beýleki ýokary okuw mekdeplerine bir ýere ikiden dört adama çenli dalaşgär boldy.

Türkmen döwlet medeniýet institutyna, milli konserwatoriýa we çeperçilik akademiýasyna ýörüteleşdirilen orta okuw mekdepleriniň uçurymlary, döwlet we halkara derejesindäki bäsleşikleriň ýeňijileri talyp boldylar.

Konserwatoriýanyň ähli ugurlaryna—sazandarlyk; aýdym aýtmak sungaty; dirižýorlyk; kompozisiýa we saz öwreniş bölümlerine höwesekler ozalkydan köp boldy. Hünärleriň 15-sinden estrada sungaty, halk saz gurallary, türkmen sazy, bagşyçylyk sungaty ugurlary has meşhurdyr.

Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörüte sazçylyk mekdebiniň, Ýörüte sazçylyk mekdep-internatynyň, şeýle hem welaýat ýörüte orta sazçylyk mekdepleriniň we çagalar sungat mekdepleriniň uçurymlary konserwatoriýada ýokary bilim alarlar.

Birinji ýyl talyplaryň aglabasy sazçylyk mekdepleriniň arasynda her ýyl geçirilýän bäsleşiklerde baýrakly orunlary eýelänler, şeýle hem döwlet ýaşlar döredijilik gözden geçirişleriniň ýeňijileri we baýrakly orunlaryna mynasyp bolanlardyr.

Mysal üçin, Lebap welaýatyndan Mekan Batyrow bilen Ajap Ilowa ýörüte orta sazçylyk okuw mekdepleriniň uçurymlarynyň arasynda geçirilen bäsleşikde ýeňiş gazandylar, olar akkerdeon we fortepiano sungatyny öwrenerler. Balkan we Mary welaýatlaryndan gelen Ogulgerek Halylowa bilen Söhbet Çopanow kompozisiýa we türkmen sazy ugruna okuwa girdiler.

Ahal welaýatyndan Begençmuhammet Muhammetgulyýew bilen aşgabatly Maksat Annamyradow TMK-nyň üflenip we urlup çalynýan saz gurallary“ bölmine okuwa girdiler.

Ýaňlan, Diýarym“ bäsleşiginde baýrakly orny eýelän zehinli aýdymçy, Daşoguz welaýatyndan Bilbil Tagandurdyýewa estrada aýdymy bölüminde bilim alar.

Ýokary saz bilimini almaga dalaşgärlere hatarynda tanymal sungat işgärleri bolan kabul ediş topary baha berdi. Olaryň arasynda Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew, ýurdumyzyň sungatda at gazanan işgärleri Osman Güjümow we Aman Çakanow, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Kerwen Ýowbasarow, kompozitor Meret Annamyradow we beýlekiler bardy.

Döwlet çeperçilik akademiýasy adatça okuwa ýörüteleşdirilen ugurdaş okuw jaýlarynyň uçurymlaryny kabul edýär. Birinji ýyl talyplyga alnanlaryň arasynda döwlet we halkara döredijilik bäsleşikleridir sergilerine gatnaşanlar hem-de olaryň ýeňijisi bolanlar hem bar.

Meselem, BAE-niň Prezidenti şeýh Zaid bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgünden“ Azatmyrat Lapbanow, Aşgabadyň Bäşim Nuraly adyndaky çeperçilik mekdebiniň uçurymy Aksona Saparmedowa hem şolaryň arasynda.

Gazagystanda geçirilen Halkara döredijilik festiwalynyň diplomanty, Aşgabadyň Bäşim Nuraly adyndaky çeperçilik mekdebiniň uçurymy Aýşa Seýidowa, Russiýada geçirilen çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijileri, ady agzalan mekdebiň uçurymy Ýalkap Garryýew we Rodoguna“ döredijilik mekdebinde tälim alanlar Leýli Amandurdyýewa we Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndan Aýgözel Sumbarowa dagy TDÇA-nyň talyby diýen ada mynasyp boldylar.

Türkmen Döwlet çeperçilik akademiýasy nakgaşlyk (monumental we stanok nakgaşlygy; sahna besegi nakgaşlygy hünärleri); grafika (stanok we kitap grafikasy hünärleri); heýkeltaraşlyk we dizaýn hünärleri; binagärlik ( binagärlik gurşawynyň binagärligi; arhitektura ýadygärliklerini dikeltmek hünärleri); sungaty öwreniş (çeperçilik sungatynyň taryhy we taglymaty hünäri); dekoratiw-amaly sungaty (keramika sungaty; zergärlik sungaty; halyçylyk sungaty hünärleri) ýaly ýedi ugurdan bilim berilýär. Özem çeperçilik sungaty“ bölümine şu ýyl ilkinji gezek tölegli okuwa alyndy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Ýaşlaryň ylmy we tehnikasy elektron žurnalynyň nobatdaky sany okyjylara ýetirildi
Hakan Fidan Arap Bileleşiginiň baş sekretary bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Ýewropada Howpsyzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna Agza Ýurtlar Maltada Duşuşar
Hakan Fidan müsürli kärdeşi Abdulati bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy