
Aşgabadyň orta mekdeplerinde okuwçy gyzlary ginekologiýa barlagyndan geçirmek boýunça çäreler alnyp barylýar. Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylary köpçülik häsiýetinde guramaçylykly amala aşyrylýan bu çäre we onuň geçişi barada 14-nji aprelde habar berdiler.
Aşgabatda okuwçy gyzlaryň arasynda ginekologiya barlaglarynyň başlanmagynyň sebäplerini bilim pudagyndaky resmiler "ten satýan we göwreli bolýan ýaş gyzlaryň sanynyň köpelmegi" bilen düşündirdiler.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan ýagdaýdan habarly çeşmeleriň sözlerine görä, soňky günlerde geçirilen ginekologiýa barlaglary paýtagtyň merkezindäki № 15, 18, 35, 56 we "Parahat" etrapçalarynyň ähli mekdeplerinde geçirilipdir we olara 9-12 synplarda okaýan gyzlar çekilipdir.
Aşgabadyň bilim we saglygy saklaýyş pudagyndaky çeşmeler bu köpçülikleýin ginekologiýa barlagynyň maksady gyzlaryň gyzdygyny anyklamakdygyny aýtdylar.
Şeýle barlaglar soňky birnäçe ýyl bäri wagtal-wagtal geçirilýär. Häkimiýetler ginekologiýa barlagyny "ahlak päkligi" barlagy diýip atlandyrýarlar.
Çeşmeler okuwçy gyzlaryň göwreli bolmagy bilen bagly ýagdaýlaryň birnäçesi barada habar berdiler. Çeşmeleriň gürrüň beren ýagdaýlarynyň biri 9-njy synp okuwçy gyzyň uly ýaşdaky mekdep mugallymy bilen jynsy gatnaşykda bolmagyna degişli.
"Bu okuwçy gyzyň göwreli bolandygy anyklanandan soň paýtagtdaky ähli okuwçylar barlanyp başlandy" diýip, paýtagtly çeşmeleriň biri gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosy çeşmeleriň maglumatlarynda agzalan okuwçylaryň atlaryny, okaýan ýerlerini we beýleki şahsy maglumatlaryny agzamakdan saklanýar.
Paýtagtda okuwçy gyzyň göwreli bolmagy bilen bagly ýagdaýlaryň ýene biri pajygaly netijä getiripdir.
"11-nji synp okuwçysy göwrelidigini bilip galansoň öz janyna kast etdi. Onuň derman serişdesini aşa köp mukdarda içmegi ölümine getirdi" diýip, bilim pudagyndaky çeşme aýtdy.
Onuň sözlerine görä, apreliň başynda bolan bu pajygaly ýagdaýa uçran ýetginjek Parahat 1/1 etrapçasynda ýerleşýän mekdepde bilim alýardy.
Paýtagtyň Köpetdag etrabyna degişli bu mekdebiň ýolbaşçysyndan resmi maglumat almak Azatlyk Radiosyna başartmady. Köpetdag etrabynyň häkimiýet we kanun goraýjy wekillerinden hem resmi görnüşde teswir alyp bolmady.
Bu aralykda anonimlik şertinde söhbetdeş bolan bilim resmileri okuwçy ýetginjekleriň "ahlak terbiýesine" degişli ýagdaýy "agyr" diýip kesgitleýärler.
"Ýagdaý agyr. Bilim ministrligi gaýtadan 9 ýyllyk okuw tertibine geçmek we galan üç okuw ýylyny meýletin dowam etdirmek meselesine seredýär. Sebäbi göwreli bolýan ýokary synp okuwçy gyzlaryň, şol sanda 9-njy synpda okaýanlaryň arasynda ten satmak, göwrelilik we ir durmuşa çykmak ýaly ýagdaýlar esli köpeldi" diýip, Aşgabadyň bilim edaralarynyň birinde işleýän çeşme aýtdy.
Türkmenistanda okuwçylaryň ahlak terbiýesi soňky birnäçe ýyl bäri häkimiýetleriň üns merkezinde galýar. Emma bu ugurdan alnyp barylýan resmi çäreler esasan çagalar we olaryň ene-atalary bilen ýygnak geçirmek, gyzlary mejbury ginekologiýa barlagyna çekmek, okuwçylardan jynsy gatnaşygy başlamazlygy we olaryň ene-atalaryndan gyzaryna gözegçilik etmegi talap etmek, okuwçylaryň mobil telefonlaryny barlamak ýaly gadagançylyga esaslanan çärelere gönükdirilýär.
Okuwçy gyzlaryň mejbury ginekologiýa barlaglary geçen ýylyň aprel aýynda hem geçirilipdi. Şonda, hususan-da Mary welaýatynda, okuwçylaryň ene-atalaryndan gyzlarynyň ginekologiýa barlagyna gatnaşmak talap edilipdi.
Jynsy terbiýe, gatnaşyklar medeniýeti, göwreliligiň öňüni alyş çäreler ýaly ylym we bilim tälimleri mekdeplerde okadylmaýar. Bu meseleler habar serişdelerinde we jemgyýetde açyk diskussiýa edilmeýär. Jynsy zorluga sezewar bolanlara gorag we kömek bermek boýunça häkimiýet we jemgyýetçilik inisiatiwalarynyň alnyp barylýandygy barada resmi maglumatlar göze ilmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.