Paýtagtymyzyň teatrlarynda sahna sungatynyň muşdaklaryna garaşýarlar

Türkmenistanyň Baş drama teatrynda 30-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy kitaby esasynda döredilen Dutaryň owazy atly täze spektakl görkeziler. 1-nji dekabrda tomaşaçylara Ependi ýa-da gülkünç goňşy atly oýun teklip ediler.

Spektakllar sagat 19-da başlanýar.Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatry 30-njy noýabrda Sawçy we sallahlar, 1-nji dekabrda bolsa, Etme oglan sen oýun spektakllaryna çagyrýar.Spektakllar sagat 19-da başlanýar.

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynda 30-njy noýabrda Amanat giýew, 1-nji dekabrda bolsa, Toý oýunlary görkeziler.Spektakllar sagat 19-da başlanýar.Türkmenistanyň Döwlet gurjak teatry ýaşajyk tomaşaçylary 30-njy noýabrda Şadyýan sazandalar (12:00) we Söýgi bizi halas eder (19:00), 1-nji dekabrda bolsa, döwlet Baştutanynyň Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi, Enä tagzym mukaddesilge tagzym we Türkmen alabaýy eserleri esasynda döredilen Baky rowaýatlar oýnuna çagyrýar.

Spektakl sagat 12-de başlanýar.Sagat 19-da bolsa Arşyn mal alan oýny görkeziler.Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynda 30-njy noýabrdaÝediň enesi, 1-nji dekabrda bolsa, Çynymy aýtsam spektakllary görkeziler.

Oýunlar sagat 19-da başlanýar.Wideoşekilli afişanyň salgysy: wideo

Ýene degişli makalalar

29.11.2019 | Teatr afişasy: premýeralar we iň gowy spektakllar
Siwas şäheriniň döwlet teatry Aşgabatda Garajaoglanyň yşk hekaýatynyň täze beýany bilen çykyş etdi
Aşgabatda Oskar pýesasynyň premýerasy geçirildi
Özbek artistleri Daşoguzda ebedi söýgi hakda liriki drama görkezerler
“Wah, siz aýallar…” spektaklynyň premýerasy boldy
Türkmenistanda 7 etrap ýatyryldy, 5 şäheriň hukuk derejesi üýtgedildi, Serdar şäherine taryhy Gyzylarbat ady gaýtarylyp berildi we beýleki habarlar