Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary G. Kulyýew köçesiniň ugrunda edara binalarynyň ýüze golaýyny gurdular. Bu ýerde ýerli firmalaryň we kompaniýalaryň dolandyryş edaralary, jaýlaryň birinji gatynda bolsa, lomaý-bölek söwda dükanlary, kafeler, restoranlar, okuw we dynç alyş merkezleri ýerleşer.
Garry Kulyýew köçesi tanalmaz derejede özgerdi. Indi ol bir bölüji we iki sany goşmaça zolakly abadanlaşdyrylan köp zolakly uly ýol bolup, köçäniň birnäçe kilometre uzap gidýän ugrunda aýnalanan kaşaň binalar peýda boldy.
Telekeçiler binalary gurmaga girişmezden ozal bu ýerde geodeziýaçylar we...buldozerçiler birneme emgenmeli boldular. Ýoluň golaýyndaky ýerlerden köne jaýlar, ammarlar aýrylyp, gurluşyk üçin ýerler taýýarlanyldy.TSTB-niň we Türkmendöwlettaslama“ institutynyň arhitektorlary hem-de taslamaçylary iş tabşyryjylaryň talaplaryna laýyk gelýän binalaryň bäş görnüşini işläp taýýarladylar. Özboluşly bezegleri, oýlanşykly funksionallygy we edara jaýlarynyň amatly ýerleşdirilmegi işgärleiň oňaýly şertlerde işlemegini göz öňünde tutýar.
Jaýlar ýyladyş we ýelediriş ulgamlary, beýleki zerur kömekçi enjamlar bilen üpjün edilendir.