“Türkmenistanda 2022 — 2025-nji ýyllarda ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, ulagyň ähli görnüşiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, döwrebap toplumlaýyn ugurdaş düzümleri döretmek, halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň sebit merkezi hökmünde Türkmenistanyň ornuny mundan beýläk-de berkitmek boýunça strategik ugurlar göz öňünde tutuldy.
Halkara foruma 700-den gowrak wekiller gatnaşdylar. Çäräniň çäklerinde gurnalan sergisine gatnaşýan kompaniýalar üçin özara pikir we tejribe alyşmak, şeýle hem halkara ulag infrastrukturasynyň ösmegine goşant goşýan täze tehnologiýalary we önümleri, döwrebap hyzmatlary hödürlemek babatda ajaýyp mümkinçilik boldy.
Olaryň hatarynda Vitol, Meno Logistics, Boeing, Dragon Oil, Fly Dubai, Airbus, Cargo Lux halkara logistika we ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň, Howa Ulaglarynyň Halkara Assosiasiýasynyň (IATA), Halkara gämiçilik edarasynyň (ICS), Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU) wekilleri hem gatnaşdylar.
Geçirlen maslahtyň çäklerinde Türkmenhowaýollary agentliginiň wekilleri Türkiýe Respublikasynyň “MNG Airlines” awiakompaniýasy, Hytaý Halk Respublikasynyň “China-Turkmenistan Partnership Logistics LTD” kompaniýasynyň, Gruziýa Respublikasynyň “Airline Geo Sky LLC” awiakompaniýasynyň, Ukarinanyň “Heliflight JCJ” kompaniýasynyň, Russiýa Federasiýasynyň “Informtehnika” paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri bilen işewürlik duşuşyklary geçirildi.
Duşuşyklaryň geçirilmegi geljekki hyzmatdaşlaryň halkara gatnawlar babatda täze maýa goýum mümkinçilikleri barada maglumatlar bilen tanyşmaga, uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin geljegi uly ugurlary kesgitlemäge amatly şertleri döretdi.
Mundan başga-da, Türkmenhowaýollary agentliginiň Aşgabat, Türkmenbaşy we Türkmenabat halkara howa menzilleri Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Lufthansa Consulting GmbH” kompaniýasy bilen özära düşünişmek hakynda Ähtnama, şeýle hem “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hem-de Türkmenhowaýollary agentliginiň Aşgabat halkara howa menzili Russiýa Federasiýasynyň “MaxFlight” kompaniýasy bilen Ylalaşyga gol çekişdiler.
Şunuň bilen, hormatly Prezidentimiziň goldaw bermeginde Aşgabatda geçirilen “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023” atly 2-nji halkara maslahaty we sergisi ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň, ösüşiň bähbidine durnukly ulag ulgamynda netijeli sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşan waka öwrüldi.