Paýtagtymyzdaky №70 belgili awtobus täze ugur boýunça hereket eder

Paýtagtymyzdaky №70 belgili awtobus täze ugur boýunça hereket eder

Ýolagçy akymynyň ýokarydygy göz öňünde tutulyp, №70 belgili Awtokombinat Gurtly awtobus ugry 2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 25-den täze ugur boýunça hereket edip başlar diýlip, Türkmenawtoulaglary agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy habar berýär.

Täze awtobus ugry şu köçelerden geçer:

Awtokombinat” duralgasyndan çykyp, №70 belgili awtobus A.Nyýazow şaýoly Gündogar köçesi Oguzhan köçesi N.Andalyp köçesi Görogly köçesi Taslama köçesi Gurbansoltan eje köçesi Ruhabat köçesi bilen Gurtly duralgasyna geler.

Yzyna №70 belgili awtobus Gurtly duralgasyndan çykyp, ol Ruhabat köçesi Gurbansoltan eje köçesi Taslama köçesi Görogly köçesi N.Andalyp köçesi Oguzhan köçesi Gündogar köçesi A.Nyýazow şaýoly bilen Awtokombinat duralgasyna geler.

Bu awtobus ugrunyň üýtgedilmegi paýtagtymyzyň ilaty üçin edilýän ulag hyzmatyny ýokarlandyrmaklyga we şäheriň ýolagçy gatnawynyň netijeli bolmagyna gönükdirilendir.

Ýene degişli makalalar

70-nji “Awtokombinat Gurtly” awtobus ugry üýtgediler
Aşgabatda 114 belgili täze awtobus ugry açyldy
Aşgabatda käbir awtoulag ugurlaryna üýtgeşme girizildi
S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýolynda
Üýtgeşmeleriň girizilýändigini Siziň dykgatyňyza ýetirýär
Aşgabatda 43-nji we 46-njy awtobus gatnaw ugurlaryna üýtgeşme giriziler