Paýtagtymyzda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy boldy

Älem medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdylan ýurdumyzyň Baş arçasy köpöwüşginli yşyklary, ýaşajyk türkmenistanlylaryň belent ruha beslenen Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan aýdymlary, ajaýyp çykyşlary we joşgunly tanslary bilen utgaşyp, Täze, 2020-nji ýylyň ýakynlap gelýändigini äleme aýan etdi.

Bu dabara hemmeleriň söýüp garaşýan baýramçylygyna galan wagtyň azalýandygyny äşgär etdi.Dabarany guraýjylar Älemiň öňündäki meýdançany gündogar ertekilerine çalymdaş ýurduň keşbine öwürmek ugrunda ukyp-başarnyklaryny gaýgyrman tagalla etdiler.

Munuň özi Türkmenistan — rowaçlygyň Watany şygary hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi eserleri bilen ruhlanan ýylyň dabaralara gurşalýandygynyň subutnamasyna öwrüldi. Şu ýyl dabarany guraýjylar çagalar üçin diňe bir dynç alyş däl, eýsem, özboluşly aň-bilim çykyşlaryny taýýarladylar.

Baýramçylygyň esasy gahrymanlary bolan Aýazbaba, Garpamyk, Bilgirje we Mämmetjan sanly ulgamyň kömegi arkaly Watanymyzyň ähli sebitlerinde boldular hem-de ykdysadyýetde, medeniýetde, durmuş ulgamynda ýetilen sepgitler, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üns-aladasy netijesinde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda bitirilen beýik işler bilen tanyşdylar.

Täze ýyl baýramçylygynyň gahrymanlarynyň gezelenji Balkan welaýatyndan başlandy.Olar döwrebap gämide Hazar deňziniň giňişlikleri bilen ýüzüp, Awaza milli syýahatçylyk zolagyna gelip düşdüler.Bu ýerde hormatly myhmanlary Tikgi we Potdyş atly gülki paýlaýan artistler, şeýle hem köp sanly çagalar toparlary garşyladylar.

Aýazbaba, Garpamyk, Bilgirje we Mämmetjan Jadyly kenar seýilgähinde bolup, körpeler bilen dürli oýunlara goşuldylar.Soňra olar Daşoguza uçmak kararyna geldiler.Onlaýn ulgamy boýunça uçar peteklerini sargyt eden myhmanlar Türkmenbaşynyň Halkara howa menziline gelip, bu ýerden Daşoguza uçdular.

Türkmenistanyň demirgazyk welaýatynyň howa menzilinde hormatly myhmanlar dabaraly, şatlyk-şowhun bilen garşylandy.Soňra olar bu ýerde şäheriň merkezi meýdançasyna geldiler.Bu ýerde türkmen bazary gurnaldy. Şonda milli tagamlaryň ähli görnüşleri, amaly-haşam sungatynyň ajaýyp eserleri görkezilýär.

Aýazbaba kömekçileri bilen hödürlenen tagamlardan dadyp, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlara göçüp gelmek bagty miýesser eden maşgalalary gutlamaga howlukdylar.Olar täze öýleriň eýelerine bagtyýar ýaşamagy arzuw edýärler.Soňra olar Lebap welaýatyna tarap ugur aldylar.

Myhmanlaryň ilkinji baran ýeri Köýtendag boldy.Bu ýerde olar tutuş dünýä belli bolan dinozawrlaryň aýak yzlaryny synladylar hem-de Türkmenabat şäheriniň merkezi seýilgähinde guralan baýramçylyk dabarasyna gatnaşmaga çagyryldy. Şäheriň merkezi seýilgähinde ýaşajyk artistleriň, sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň we skripkaçylaryň baýramçylyk mynasybetli taýýarlan çykyşlary görkezilýär.

Aýazbaba we Garpamyk öz ýoldaşlary bilen bilelikde, görkezilen myhmansöýerlik üçin hemmelere tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler.Soňra olar demir ýol arkaly Mary şäherine tarap ýola düşýärler.Bu ýerde hem Bilgirje sanly ulgam arkaly demir ýol peteklerini sargyt edýär.

Myhmanlarymyz Mary şäherine gelip, ilki bilen, welaýat kitaphanasyna barýarlar.Bu ýerde myhmanlar kitaphanada hereket edýän obserwatoriýanyň işiniň aýratynlyklary, onda asman jisimlerini häzirki zaman ylmy enjamlar arkaly öwrenmek üçin döredilen şertler bilen tanyşýarlar. Şeýle hem bu ýerde myhmanlara kitaphananyň kitap gaznasy, onda ornaşdyrylan elektron kitaphana ulgamy barada gürrüň berýärler.

Soňra Aýazbaba, Garpamyk we olaryň ýoldaşlary Marynyň bazaryna tarap ugradylar.Bu ýerde ähli görnüşdäki harytlaryň, önümleriň bolçulygyny özünde jemleýän hakyky gündogar bazary döredilipdir.Bazarda zehinli ussalaryň döreden milli gymmatlyklary, türkmen topragynda öndürilen oba hojalyk önümleri we beýlekiler alyjylara hödürlenilýär.

Welaýatda ösdürilip ýetişdirilen gök we bakja önümleriniň dürli görnüşlerine haýran galyp, olar tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan, banan ýetişdirilýän ýyladyşhana barýarlar.Bu ýerde dekabr aýynyň ortasynda ýokarda agzalan tropiki miweleriň bol hasyly ýetişdirildi.

Gyş paslynda banan hasylyny ýygnap almak ýaly bu täsinlik hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän oňyn syýasaty netijesinde mümkin boldy. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek meseleleri bu syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Myhmanlar Mary welaýatynyň wekilleri bilen mähirli hoşlaşyp, Ahal welaýatyna ugradylar.Olar, ilki bilen, çopan goşuna, çopanyň ak öýüne baryp gördüler.Olar bu ýerde hem beýleki welaýatlarda bolşy ýaly, mähirli garşylandy.

Halkymyzyň şöhratly myhmansöýerlik däplerine hormat goýýan baýramçylygyň myhmanlary öý eýeleriniň taýýarlan tagamlaryna ýokary baha berdiler.Olar toý desterhanynyň başynda dutarçy bagşynyň aýdymyny diňlediler we bu ýerden baýramçylygyň esasy dabaralarynyň geçýän ýerine tarap ugradylar.

Aýazbaba, Garpamyk we olaryň ýoldaşlary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda döredilen Türkmen alabaýy hojalyk jemgyýetine baryp gördüler hem-de bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar. Şeýle hem olar wepalylygyň, batyrlygyň we çydamlylygyň nyşany hasaplanylýan meşhur alabaýlara edilýän ideg işleri bilen gyzyklandylar.

Ahal welaýatynyň merkezinde myhmanlar aýdym-sazly çykyşlara uly gyzyklanma bilen tomaşa edýärler.Soňra agzybir dostlar ak mermerli Aşgabada tarap ugur aldylar.Olaryň ýoly paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda bina edilen döwrebap desgalary özünde jemleýän ýaşaýyş toplumynyň üstünden düşdi.

Täze ýyl baýramynyň baş gahrymanlary bu ýerde gurlan binalaryň, giň şaýollaryň özboluşly aýratynlyklary hem-de bu künjegiň baýramçylyk mynasybetli bezeg serişdeleri bilen tanyşdylar.Täze ýyl baýramynyň baş gahrymanlary ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýerleşen ýeri bolan Älem medeni-dynç alyş merkezine tarap ugradylar.

Paýtagtymyzyň giň şaýollarynyň ugrunda baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň, birleşen çagalar toparlarynyň, estrada aýdymçylarynyň, orkestrleriň we sirk artistleriniň çykyşlary guraldy. Şatlyk, Gyzyl güljagaz, Akpamyk, Aýjan, Şowhun, Joşgun, Ruhubelent çagalar, Galkynyş çagalar toparlary dürli tanslary sazlaşykly ýerine ýetirýärler.

Täze ýyl baýramy mynasybetli guralan bu çykyşlarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan beýik işleriň, Diýarymyzyň gazanan üstünlikleriniň we bagtyýar çagalygyň waspy ýetirildi.Baş arçanyň yşyklarynyň ýakylýan ýerine tarap dabaraly ýöriş tutuş şäheriň içinden geçip, dürli ýaşly türkmenistanlylary we paýtagtymyzyň myhmanlaryny şatlandyrdy.

Esasy dabaranyň guralýan ýeri bolan meýdançanyň girelgesi dürli öwüşginli yşyklar bilen nurlandyryldy.Bu ýerde halk döredijilik eserleriniň gahrymanlarynyň şekilleri özboluşly bezegi bilen haýran galdyrýar.LED yşyklandyryjylarynyň öwüşginleri dabara özboluşly bezeg berýär.

Bu ýerde garagol Ýartygulagy we şadyýan Böwenjigi görmek bolýar.Olaryň ýanynda häzirki zaman multfilmleriniň we ertekileriň gahrymanlarynyň şekilleri janlandyrylypdyr.Munuň özi baýramçylyk serişdeleri bilen utgaşyp, dabara özboluşly öwüşgin çaýýar.

Bu bolsa ulular üçinem, kiçiler üçin hem örän täsirlidi.Meýdançada müňlerçe dürli öwüşginli şarlar, oýnawaçlar, 2020 ýazgysy bolan sekizburçly ýyldyz bilen bezelen Baş arça möhüm orun berlipdir. Ýurdumyzyň Baş arçasynyň beýikligi ýokarsyndaky ýyldyz bilen bilelikde alanyňda 40 metrdir.

Ajaýyp Täze ýyl arçasynyň töweregine ýygnanan müňlerçe aşgabatlylar hem-de paýtagtymyzyň myhmanlary, folklor we tans toparlary, sirk we teatr artistleri baýramçylyk lybaslaryny, söýgüli ertekileriň gahrymanlarynyň geýimlerini geýip, dabara goşuldylar. Çagalar joşgunly sesleri bilen Aýazbabany we Garpamygy bu ýerde guralýan dabara gatnaşmaga çagyrdylar hem-de baýramçylygyň baş gahrymanlarynyň ýörişini höwes bilen synlaýarlar.

Aýazbaba we onuň ýoldaşlary Älem medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança geldi.Bu ýerde olary baýramçylyk tansyna gatnaşýanlar gurşap aldylar.Baş arçanyň töwereginde paýtagtymyzyň teatr toparlarynyň, ýaşajyk artistleriň, şeýle hem belli estrada aýdymçylaryň çykyşlary boldy.

Olar özleriniň baýramçylyk lybaslarynda myhmanlary şatlykly aýdymlar bilen mübäreklediler. Şatlykly gülküler, degişmeler, şowhunly tanslar, türkmen halk ertekileriniň söýgüli gahrymanlarynyň gatnaşmagynda guralan çykyşlar diňe bir çagalary däl, eýsem, dabara gatnaşýan uly adamlary-da täsin dünýä aralaşdyrdy.

Aýazbabanyň paýlaýan sowgatlary çagalar üçin aňrybaş sylaga öwrüldi.Aýazbabanyň jadyly taýajygy bilen owadan arçanyň dürli öwüşginli yşyklara beslenmegi bu ýerde guralan dabaranyň jemine öwrüldi. Şol pursatda mähriban Watanymyzyň şäherleriniň we obalarynyň baş meýdançalarynda oturdylan ähli Täze ýyl arçalarynyň yşyklary ýakyldy. Ýurdumyzyň sebitlerinde hem joşgunly baýramçylyk çykyşlary guraldy. Ýaşajyk artistleriň şatlykly goşgy setirleri, ýerine ýetirýän aýdymlary dabaralaryň şowhunyny has-da artdyrdy. Ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralan dabara uly baýramçylyk konserti bilen jemlendi.

Ýene degişli makalalar

15.12.2019 | Paýtagtymyzda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy boldy
Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasy yşyklaryny ýakdy
Aşgabatda Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy
“Ertekiler dünýäsine syýahat”
“Dostlugyň jadylygy” halkara onlaýyn bäsleşiginde Türkmenabat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň ýaş suratkeşleri ýeňiji boldular
“Ertekiler dünýäsi jadyly dünýä”