5-nji iýunda paýtagtymyzda 12 ýaşly we şondan kiçi ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynyň dabaraly açylyşy boldy.
Bu sport çäresiniň geçirilmegi ugrunda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti we Tennis federasiýasy tarapyndan toplumlaýyn esasda taýýarlyk görüldi.Munuň üçin paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde türgenler we ýaryşa gatnaşjaklaryň hemmesi, myhmanlardyr janköýerler üçin zerur şertler döredildi.
Mundan başga-da, ýurdumyzyň üç ýokary okuw mekdebiniň Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplaryndan 170 meýletinçi taýýarlandy.
Ýaryşyň açylyş dabarasy Olimpiýa şäherçesindäki Tennis toplumynda geçirildi. Olimpiýa şäherçesiniň 4 müň orunlyk toplumyny baýramçylyk ruhy gurşap alyp, oňa köp sanly tomaşaçylar ýygnandylar.
Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy E.Döwletow açylyş dabarasyna gatnaşyjylara giriş sözi bilen ýüzlendi.
12 ýaşly we şondan kiçi ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşy açyk diýlip yglan edilenden soňra, Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Onuň owazynyň astynda Döwlet baýdagymyz belende galdyryldy.
Soňra Halkara tennis federasiýasynyň Aziýa sebiti boýunça wekili Amir Borgeýä söz berildi. Myhman dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, hemmeleri Türkmenistanyň gözel paýtagty Aşgabatda — açylyş dabarasynda görýändigine örän şatdygyny nygtady.
Açylyş dabarasy Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň we Karate-do federasiýasynyň sport mekdeplerinde tälim alýanlaryň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň, Çagalar we ýetginjekler köşgüniň tans toparlarynyň çykyşlary bilen tamamlandy.
Sport ýaryşy 6 döwletiň — Türkmenistanyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekillerini bir ýere ikinji gezek jemlän sebitleýin sport çäresi hökmünde taryha girdi.Bu ýurtlaryň ählisiniň wekilleriniň gatnaşmaklaryndaky ilkinji sport ýaryşy hem 2019-njy ýylda Aşgabatda geçirilipdi.
Ýurdumyzyň toparlarynyň ikisi-de sport ýaryşyna üstünlikli başladylar. Aşgabat şäherinden Süleýman Hudaýberdiýewiň we Nazargeldi Amangeldiýewiň, Türkmenabat şäherinden hem Aly Geldiýewiň çykyş edýän oglanlar topary gyrgyzystanly bäsdeşlerini 3:0 hasabynda ýeňmegi başardylar. Aşgabat şäherinden Aýlar Kakabaýewanyň, Anna Ponýatowanyň we Näzli Hudaýgulyýewanyň çykyş edýän gyzlar topary hem şol hasapda Gyrgyzystandan gelen bäsdeşlerini ýeňmegi başardy.
Özbegistandan gelen oglanlar we gyzlar toparlary täjigistanly bäsdeşlerinden 3:0 hasabynda üstün çykdylar. Gazagystanly ýaş tennisçiler owganystanly bäsdeşlerini 3:0 hasabynda ýeňdiler.
Ýaryşy guraýjylar oňa gatnaşyjylar üçin ýörite medeni maksatnama hem taýýarladylar. Bu maksatnamanyň çäklerinde myhmanlar “Nusaý” taryhy-medeni goraghanasyna baryp gördüler. Sport ýaryşynyň ahyryna çenli Janly tebigatyň milli muzeýine hem gezelenç guralar.