Paýtagtlylar Aşgabat kanalynyň suwunyň azalmagyna alada bildirýär

Paýtagtlylar Aşgabat kanalynyň suwunyň azalmagyna alada bildirýär

Türkmen paýtagtynyň merkezi böleginden akyp geçýän Aşgabat kanalynyň suwunyň derejesi, geçen ýyllaryň häzirki döwri bilen deňeşdirilende, ymykly peseldi. Paýtagtlylar muňa alada bildirýän mahaly, türkmen hünärmenleriniň birnäçesi muny howanyň aşa gyzmagy, gurakçylyk we Amyderýanyň suwunyň azalmagy bilen baglanyşdyrýarlar.

“Geçen ýyllarda kanalyň içindäki turbalar suw bilen örtülýärdi we asla görünmeýärdi. Häzir olar kanalyň tas ähli ýerinde görnüp dur” diýip, aşgabatly ýaşaýjy şaýat bolan ýagdaýlaryny 28-nji iýunda gürrüň berdi.

Kanalyň suwunyň çekilmegi bilen, onuň käbir böleklerinde hapa üýşmeleňleri emele geldi. Bu üýşmeleňlerden daş-töwerege ýiti we ýakymsyz ys ýaýraýar.

“Hususan-da, kanalyň Nyýazow adyndaky keselhananyň golaýyndan geçýän bölegindäki ys köp adamy biynjalyk edýär” diýip, ýaşaýjy belledi.

Kanalyň suwunyň derejesiniň azalmagy we onuň sebäpleri barada ýerli häkimiýetler tarapyndan hiç hili maglumat ýa düşündiriş berilmeýär. Bu barada resmi metbugatda-da hiç zat aýdylmaýar.

Azatlygyň 28-nji iýunda bu ýagdaýlar barada ýurduň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen habarlaşmak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Ýöne türkmen hünärmenleriniň birnäçesi kanalyň suwunyň kemelmegini, howanyň aşa gyzmagy, gurakçylyk we Amyderýanyň suwunyň azalmagy bilen baglanyşdyrýar.

Paýtagtyň günortasyndan günbataryna tarap 11 kilometre çenli uzap gidýän bu kanaly Garagum kanaly suw bilen üpjün edýär. Türkmenistanyň iň uzyn emeli derýasy hasaplanýan Garagum kanaly bolsa, Amyderýadan uç alýar.

Bellesek, Azatlygyň habarçylary Amyderýanyň suwunyň derejesiniň dowamly azalýandygy barada şu ýylyň başyndan bäri birnäçe gezek maglumat berdiler.

Şu aýyň başynda Lebap welaýatyndaky habarçymyz Amyderýanyň suwunyň, geçen ýyllaryň şu döwri bilen deňeşdirilende, tas üç esse kemelendigini habar berdi.

Bu aralykda, paýtagtdaky başga bir habarçymyz Aşgabadyň demirgazygynda ýerleşýän, il arasynda "Gurtly köli" atlandyrylýan, Gurtly suw howdanynyň suwunyň derejesiniň-de ep-esli peselendigini habar berdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalygy edarasy 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanda suwuň harçlanmagynyň krizis derejesine ýetendigini mälim etdi.

Bu aralykda, hünärmenler “Talyban” ýolbaşçylygyndaky owgan hökümetiniň Amyderýanyň akabasynyň ugrunda gurýan ägirt uly Koştepe kanalynyň esasanam Türkmenistanyň we Özbegistanyň suw üpjünçiligine howp saljakdygyny duýdurýarlar. 2022-nji ýylyň martynda gurlup başlanan kanalyň gurluşygynyň bäş ýylda tamamlanmagyna garaşylýar. Türkmen metbugatyna görä, Türkmenistanyň suw serişdeleriniň 95 göterimini Amyderýanyň suwy üpjün edýär.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýurtda suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyny gözegçilikde saklamak meselesini wagtal-wagtal gozgasalar-da, suw bilen bagly problemalary aç-açan boýun almaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan “Talybana”: Serhetaşa derýalar boýunça halkara hukugynyň kadalary berjaý edilmeli
Amyderýanyň ýakasyndaky sebitlerde suw akabalaryny çuňaldyş işlerine girişilýär
Koş Tepa kanalynyň gurluşygy serhetaşa derýalardan peýdalanmagyň halkara kadalaryna ünsi çekýär
Guşgy derýasynyň suwy joşdy, ekerançylyk meýdanlaryna zyýan ýetdi
Koştepa kanalynyň böwsülmegi netijesinde, suw köp ýeri basdy
Talyban’ astyndaky durmuş: Etniki türkmenleriň Koştepa kanaly bilen bagly gorkulary we umytlary
Garagum kanalynyň suw howdanlarynda suwuň mukdary soňky iki onýyllykdaky iň pes derejelerine çenli azaldy