Paýtagtdaky içerki migrantlar: Bir otagda birnäçe maşgala bolup ýaşaýarys

Paýtagtdaky içerki migrantlar: Bir otagda birnäçe maşgala bolup ýaşaýarys

Türkmenistanyň dürli welaýatlaryndan gelip, Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginde işleýän içerki migrantlar özleriniň agyr şertlerde ýaşamaga mejbur bolýandyklary barada habar berýärler.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysy bilen anonim şertde söhbetdeş bolan welaýat ýaşaýjylary özleriniň müdirligiň umumy ýaşaýyş jaýynyň bir otagynda birnäçe maşgala bolup ýaşaýandyklaryny gürrüň berdiler.

“Ýaşaýyş şertleri örän kyn. Otaglarda ikiden, üçden maşgalalar, şol sanda är-aýal we olaryň çagalary, matadan germew çekip ýaşamaly bolýarlar. Bu ýagdaýda ýyllarboýy ýaşap, göwreli bolan, ýaş çagaly maşgalalar hem bar” diýip, içerki migrantlaryň biri aýtdy.

Müdirligiň gürrüňi edilýän umumy ýaşaýyş jaýynyň binasy Sabyr Ataýewa köçesiniň ugrunda ýerleşýär. Bu ýerde welaýatlardan gelip, müdirlikde zähmet çekip, paýtagtyň arassaçylygyny üpjün etmek işlerini berjaý edýän raýatlara ýaşamaga rugsat berilýär.

“Olar özlerine berlen otagda, hatda ikiden-üçden maşgalalar bolup ýaşamaga hem razy bolmaly bolýarlar. Sebäbi olaryň 1 müň manat aýlyga kireýine jaý almaga mümkinçiligi ýok” diýip, işgär belledi.

Bu ýere baryp gören habarçymyzyň tassyklamagyna görä, binada 30-dan gowrak maşgala ýaşaýar we olaryň her birinde iki-üç çaga bolup, umumy adam sany 100-den geçýär. Olaryň arasynda welaýatlardan ýeke özi gelip işleýän raýatlar hem bar.

“Şol binada ýaşaýan erkek, aýal, uly-kiçi hemmesi tebigy zerurlyklaryny berjaý etmek üçin irden we agşam bir hajathananyň we bir hammamyň öňünde uzyn nobata durmaly bolýarlar. Tebigy hajatlaryny we arassaçylyk zerurlyklaryny tizräk berjaý etmäge howlugýan adamlaryň arasynda dartgynlylyklar hem ýygy-ýygydan ýüze çykýar” diýip, içerki migrant belledi.

Onuň tassyklamagyna görä, aslynda iki gatly binanyň her gatynda iki-üç hajathana göz öňünde tutulan. Ýöne şolardan diňe biri işleýär, galanlary ýyllarboýy düýpli bejeriş işlerine mätäç bolup galýar.

“Binanyň ýaşaýjylaryna hyzmat edýän bir hajathananyň unitazynyň suw dolýan gabyna suwy akdyrýan we dolandan soň ýapýan enjamynyň işlemeýändigi üçin, onuň içi dolup durýar we binanyň içine hemişe ýakymsyz ys ýaýraýar. Çagalar hem şu agyr şertlerde ulalýarlar” diýip, migrant işçi belledi.

Onuň tassyklamagyna görä, binanyň ýaşaýjylary müdirligiň ýolbaşçylaryndan hajathanalary we hammamlary bejerip bermegi yzygiderli haýyş etseler-de, oňyn netije bermeýär.

“Olar hajathanalary, hammamlaryň döwlen krantlaryny täzelemek üçin pul çykarmak islemeýärler. Işgärleriň alýan 1 müň manat aýlygy hem, bulary bejermäge mümkinçilik bermeýär. Sebäbi olar 1 müň manat bilen tutuş maşgalasyny bir aý eklemeli bolýarlar” diýip, migrant işçi belledi.

Ol maşgalalaryň aýry otag sorap, edýän haýyşlaynyň hem asla kanagatlandyrylmaýandygyny sözüne goşdy.

Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Aşgabat şäher häkimliginiň we müdirligiň websaýtlarynda görkezilen telefon belgilerine jaň edip, teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Özüniň tebigy gaz serişdeleriniň eksportlaryndan milliardlarça dollar girdeji gazanýan Türkmenistan soňky ýedi ýyldan gowrak wagt bäri maliýe-ykdysady kynçylyklardan ejir çekýär.

Tebigy serişdelere baý ýurtda giň ýaýran işsizligiň arasynda, welaýat ýaşaýjylarynyň bir bölegi daşary ýurtlara zähmet migrasiýasyna çyksa, ýene bir bölegi paýtagtyň köplenç arassaçylyk we gurluşyk ýaly pudaklarynda işläp, güzeran eklemäge çalyşýar.

Soňky ýyllarda Azatlyk içerki migrantlaryň agyr iş we ýaşaýyş şertleri bilen bir hatarda, ýurtda bellenilýän uly baýramçylyklaryň öňüsyrasynda, olaryň paýtagtdan köpçülikleýin çykarylyşy barada hem ençeme gezek maglumat berdi.

Türkmen häkimiýetleri we ýurudň berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri ýurt raýatlarynyň zähmet migrasiýasy we olaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada ýyllarboýy aç-açan mesele gozgaman gelýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Elektrik energiýasyny öndürýän emeli ösümlik
Gard we Sabiana kompaniýalarynyň Türkmenistandaky distribýutory fankoýllaryň we split ulgamlarynyň dürli görnüşlerini hödürleýär
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY