Paýtagtda polisiýa parahorlugy güýçlenýär - sürüjiler

Paýtagtda polisiýa parahorlugy güýçlenýär - sürüjiler

Türkmenistanda ýol gözegçiligi polisiýasynyň ýüz urýan bikanun hereketleri barada garaşsyz metbugatda we sosial mediada çykýan habarlara garamazdan, sürüjileri kösemek tendensiýasy’ diýilýän, çeşmeleriň aýtmaklaryna görä, güýçlenmese, peselmeýär.Azatlygyň habarçysy şu gün, 25-nji iýulda soňky günlerde Aşgabadyň köçelerine gözegçilik edýän polisiýa işgärleriniň korrupsiýany’ köpeldýän çäreleri ýygjamladandygyny habar berdi.

Tejribeden görnüşi ýaly, anyk kanuny esasy bolmadyk gadaganlyklaryň’ köpelmegi sürüjileri köplenç para’ çykalgasyna ýüz urmaga itekleýär.

Aşgabat şäheriniň we Türkmenistanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri soňky bir hepdeden gowrak wagt içinde paýtagtyň köçelerinde, ýaşaýyş jaýlarynyň töwereklerinde, protokol’ köçeleriniň ýanýollarynda goýlup gidilen awtoulaglaryň döwlet belgilerini goparyp almaklaryny ýygjamlatdylar diýip, Azatlyga gowşan maglumatlarda aýdylýar.

Habarçymyz bilen gürleşen sürüjileriň sözlerine görä, gadaganlyk belgisi bolmadyk ýerlerde az wagtlyk goýlan ulaglaryň eýelerine wagtal-wagtal ol ýa-da beýleki görnüşdäki çäreler görülýän hem bolsa, edil häzirkisi ýaly köp azar berilmeýärdi.

“Bir zerurlyk bilen, ýa dükana girip-çykmak üçin ulagyny goýan adamlaryň awtoulaglarynyň döwlet belgileri alnyp gidilýär. Eger ony açyp bilmeseler, belginiň ýuka demrini ýyrtyp, goparyp alýarlar. Soň ol belgiler Aşgabat şäheriniň döwlet ýol gözegçilik gullugynyň müdirligine tabşyrylýar” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran sürüji gürrüň berdi. Ýöne ol polisiýa işgäri tarapyndan alnan belgileriň müdirlige tabşyrylmaýan halatlarynyň hem bolýandygyny aýtdy.

Aýry-aýrylykda gürleşilen birnäçe sürüjiniň tassyklamagyna görä, ulagynyň döwlet belgisiniň ýokdugyny gören adamlar gidip, Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän döwlet ýol gözegçiligi gullugyna şikaýat edýärler we, eger polisiýa olaryň döwlet belgisini müdirlige tabşyran bolsa, degişli jerimesini töläp, ulag belgilerini yzyna alýarlar.

Ýöne bu köplenç beýle bolmaýar. Has anygy, eýesiz duran ulaglaryň belgileriniň goparylyp gidilmegi, aşgabatly sürüjileriň pikiriçe, köplenç korrupsiýanyň göwrüminiň has giňeldilmegine hyzmat edýär’.

“Ulagyň döwlet belgisi müdirlige tabşyrylmadyk halatynda, bu köplenç şeýle hem bolýar, gözegçilik gullugynda kök uran korrupsiýa has-da giň ýol açylýar. Müdirligiň işgäri belgisi alnan sürüjiniň ulagyny nirede goýandygyny, şol ýerleriň haýsy polisiýa işgäriňe berkidilendigini anyklap, onuň bilen telefonda gürleşýär we belginiň yzyna berilmelidigini duýdurýar” diýip, Azatlyk bilen öz tejribesini paýlaşan sürüji aýtdy.

Şeýlelikde, başga-da birnäçe sürüjiniň tassyklamagyna görä, müdirligiň arada durmagynda, sürüji ulag belgisini alyp giden polisiýa işgäriniň elindäki telefonyna jaň edýär we onuň bilen bellenen wagtda, bellenen ýerde duşuşyp, galan meseläni ýerinde çözmek’ ylalaşygyna gelýär.

Meseläniň ýerinde çözülmegi, görnüşinden, sürüjiniň döwlet gullugyna jerime tölemegine däl-de, raýatyň döwlet gullukçysyna para bermegine alyp gelýär.

“Bellenen ýerde ýol gözegçilik gullugynyň işgäri bilen duşuşyp, aýdylan puly töläp, ulagyň döwlet belgisini yzyna alýarsyň. Ýöne seniň eden tölegiň resmileşdirilmeýär, para, nagt pul bolup, polisiýa işgäriniň jübüsine girýär” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Ol bu paranyň 100 manatdan 150 manada çenli aralykda bolýandygyny hem sözüne goşdy.

Türkmen paýtagtynyň esasy köçelerinde tehniki gözegçiligiň ýola goýulmagy we polisiýa korrupsiýasynyň ösmeginiň öňüni almak üçin çykarylan harajatlar, görnüşinden, garaşylan netijäni bermeýär. Öňki ýyllarda habarçylarymyz köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini bozan sürüjilere surat görnüşli subutnamalaryň berlip başlanandygyny, düzgün bozmalaryň statistikasynyň paýtagtyň köçelerinde ýerleşdirilen kameralar arkaly hasaba alnandygyny habar beripdiler.

Türkmenistan maglumat üçin ýapyk ýurt bolansoň, Azatlyk häkimiýetlerden polisiýa korrupsiýasynyň ösýändigi barada aýdylýanlara düşündiriş alyp bilmeýär.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanyň “Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda” kanuny “jemgyýetde… aýanlygy we gözegçiligi giňeltmäge, ilatyň döwlete we onuň düzüm gurluşlaryna bolan ynamyny berkitmäge, …döwlet gullukçylarynyň halallygynyň kepilliklerini berkitmäge gönükdirilendir”.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Mugallymlardan sapaklarda prezidentiň syýasatyny wasp etmek talap edildi
Goturdepenebit nebit-gaz çykaryş müdirligi tarapyndan 534 müň tonna gara altyn çykaryldy
Belgiýada Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky durnukly ulag ulgamy boýunça maslahat geçirildi
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine täze ýolbaşçy saýlandy
Nökerguly Atagulyýew Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçysy wezipesine saýlanyldy
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň täze başlygy saýlandy