Paýhaslar

Durmuşyňyz bir boluşly ýaly görünse-de, edýän işleriňiziň beýleki adamlar üçin hakyky gymmatlykdygyny we möhümdigini ýadyňyzdan çykarmaň!Şu günki günüň çagalary ertirki dünýäni has gowy we bagtly mekana öwürmelidirler.

Ýelizaweta II.

Dünýäde adamlar üçin iň bolmanda bir damja ýagşylyk etmekden has gowy duýgy ýokdur.Durmuşyň manysynyň iň gysga beýany şeýle bolup biler: dünýä hereket edýär we kämilleşýär. Esasy wezipe bu herekete goşant goşmak we hyzmatdaşlyk etmekdir.Her kim dünýäni üýtgetmegi arzuw edýär, ýöne hiç kim özüni üýtgetmegi maksat edinmeýär.

Lew Tolstoý.

Parahatçylyk, bagt, adamlaryň doganlygy ine bu dünýäde bize gerek iň esasy zat.

Mark Twen.

Parahatçylyk adamlaryň bu durmuşda isleýän iň ýokary eşretidir.Migel de Serwantes.Eger-de biz bütin dünýäde parahatçylyk gazanmak islesek, ony çagalarymyzdan başlamaly.

Mahatma Gandi.

Dünýäde hiç kim bütinleý kämil bolup dünýä inmeýär, ýöne onuň bütin ömri hemişe hereket edýän ösüşden, üznüksiz kämilleşmekden başga bir zat däldir.

W. G. Belinskiý.

Adamlar bilen agzybirlikde ýaşamak üçin ilki özüň bilen ylalaşykda ýaşamaly.

Harper Li.

Adam adam bolmaga tagalla edende adam bolýar.

Aleksandr Gelman.

Adam üçin dünýäde adamlardan başga has gyzykly zat ýok.

Wilgelm Gumboldt.

Adamyň maksady ýagşylyk etmekdir.

Wladimir Dal.

Durmuşa iň sagdyn jogap şatlykdyr.

Dipak Çopra.

Ýene degişli makalalar

Paýhaslar
Paýhaslar
Paýhaslar
Köpasyrlyk türkmen-hindi taryhy-medeni gatnaşyklary baýlaşdyrylýar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda gepleşikler geçirildi
Köpasyrlyk türkmen-hindi taryhy-medeni gatnaşyklary baýlaşdyrylýar