Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde şadyýan dynç alýan dürli ýaşly okyjylaryň gatnaşmagynda “Paýhas çeşmesi” kitapdan sesli okaýyş geçirildi.
Türkmen halkynyň baý medeni mirasyna bagyşlanan “Paýhas çeşmesi” atly kitap nakyllar ýygyndysy bolup, onda adamyň durmuşyndaky esasy bäş sany ugra üns berilýär.Olar: watançylyk we gahrymançylyk, edep-terbiýe we ahlak, ylym-bilim we hünär, tebigat we zähmet hem-de durmuş pelsepesidir.
Kitapda jemlenen öwüt-ündewler aň düşünjäni artdyrýar, gözýetimiňi giňeldýär we ösdürýär. “Paýhas çeşmesi” atly kitapda nakyllardan, atalar sözlerinden ybarat kitapdaky ilkinji nakylyň Watana söýgini beýan edýändigi, ilkinji bölümiň Watana bagyşlanandygy örän buýsandyryjydyr.
Sesli okaýyşda bu kitabyň watançylyk, merdanalyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ýaly asylly sypatlar bilen bagly ündewleri, öwütleri özünde jemleýänligi barada gürrüň berdiler we “Paýhas çeşmesi ” kitapdan birnäçe atalar sözleridir nakyllary okadylar.
Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.