PAÝHAS AÇARY kompaniýasy ähli ugurlar boýunça terjime hyzmatlaryny hödürleýär

PAÝHAS AÇARY kompaniýasy ähli ugurlar boýunça terjime hyzmatlaryny hödürleýär

Ykdysadyýetiň hem-de jemgyýetiň biri-biri bilen baglanyşyklylygynyň gün-günden ösýän häzirki zaman dünýä tejribesinde daşary ýurt dilini bilmezlik sebäpli döreýän bökdençlik biznesiň we halkara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy üçin çynlakaý böwet bolup biler. Şonuň üçin hem ýokary bilim derejeli professional terjimeçileriň hyzmatlaryna bolan isleg barha artýar.

Türkmenistanyň terjimeçilik pudagynda köp ýyllardan bäri hyzmat edip gelýän kompaniýanyň hünärmenleri dürli çylşyrymlylykdaky we mowzukdaky ýüzlerçe teksti üstünlikli terjime etdiler.

PAÝHAS AÇARY terjime merkezi özüni şahsy taraplar, kiçi we orta derejeli kärhanalar, şeýle hem iri halkara korporasiýalar üçin ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanatdy. Kompaniýa tehniki, hukuk, lukmançylyk ýaly islendik mowzukdaky tekstleriň, şonuň ýaly hem şahsy resminamalaryň ýokary hilli terjimesini hödürleýär.

Merkeziň hünärmenleri wiza resmileşdirmek üçin gerekli bolan resminamalary hem terjime edýärler. Kompaniýa zerur resminamalary terjime etmek, daşary ýurt dillerinde anketalary doldurmak we merkeziň möhüri bilen terjimeleri tassyklamak ýaly hyzmatlaryň bitewi toplumyny hödürleýär.

Müşderilere amatly bolmagyny nazarda tutup, PAÝHAS AÇARY merkezi sargytlary onlaýn kabul etmek mümkinçiligini hem hödürleýär, has takygy müşderiler terjime edilmeli resminamalaryny elektron poçta arkaly iberip, şeýle hem taýýar terjimäni elektron görnüşde alyp bilerler. Şol bir wagtyň özünde, resminamalaryny hut özi getirip tabşyrmak hem-de alyp gitmek isleýän adamlar üçinem kompaniýanyň gapysy hemişe açykdyr.

PAÝHAS AÇARY terjime merkezi Aşgabat şäherindäki şu salgydaky Halkara işewürlik merkezinde ýerleşýär: Parahat ýaşaýyş toplumy 2/1, Ýunus Emre köçesiniň 1-nji jaýy.

Müşderiler kompaniýa bilen (+993 61) 76 44 40, (+993 61) 78 44 40 telefon belgilerine jaň edip, ýa-da payhas_achary@mail.ru we payhasachary1@gmail.com elektron poçta salgylaryna hat ýazmak arkaly habarlaşyp bilerler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Kataryň Medeniýet günleriniň geçirilmegi maslahatlaşyldy
Dünýäniň onlarça ýurdunda Magtymgula bagyşlanan kitaplar çap edildi
Mejlisiň Başlygy Numan Kurtulmuş Gazagystanda Saparda Bolýar
Aşgabatda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumy açyldy
BEÝIK MAGTYMGULYNYŇ ÝADYGÄRLIGI BELENTDEN SELEŇLÄP GÖRÜNÝÄR
Iň gowy mekdep kitaphanasy atly bäsleşigiň döwlet tapgyry geçirildi