“Legendary Entertainment” kino kompaniýasy braziliýaly ýazyjy Paulo Koelonyň “Alhimik” romanyny ekranlaşdyrmak üçin hukuk gazandy. Bu barada “Variety” habar berýär.
Filmiň ssenarisini Filip Pullmanyň “Garaňky başlangyç” romanyna esaslanan serialyň üstünde işlän Jek Torn ýazar. “Alhimik” romanynda hazyna gözlemek maksady bilen syýahat etmek isleýän ýaş ýigit Santýago hakda gürrüň berilýär.
Kinematografistleriň romany ekranlaşdyrmak maksady bilen telim gezek ýeňilleşdirmek isleýändiklerini, ýöne bu ugurda ýekeje taslama hem ugruna bolmandygy habar berilýär.
“Alhimik” romany ilkinji gezek 1988-nji ýylda portugal dilinde neşir edildi. Kitap dünýäde iň köp satylan kitap bolup, 117-den gowrak ýurtda neşir edildi we 81 dile terjime edildi. Bu roman Braziliýanyň taryhynda iň köp satylan we dünýäde iň köp terjime edilen kitap hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.