“Patriot Raketa Ulgamy Çaknyşyklaryň Uzamagyna Sebäp Bolar”

“Patriot Raketa Ulgamy Çaknyşyklaryň Uzamagyna Sebäp Bolar”

Putin Kreml köşkünde rus žurnalistleriniň soraglaryna jogap berdi.

Günbatar ýurtlarynyň rus nebitine we tebigy gazyna nyrh çäklendirmelerini goýmagyna reaksiýa bildiren Putin; “Olar kolonializm isleýärler. Ogurlyga we ogurlamaga endik edipdiler. Ýewropa ýurtlarynyň esasy bölginiň ykdysadyýeti gul söwdasy, Afrikanyň, Aziýanyň we Latyn Amerikanyň talanmagy bilen güýçlendi” diýdi.

Nyrh çäklendirmesiniň rus ykdysadyýetine täsir ýetirmejekdigini nygtan Putin; “Ol diňe nyrhlary adminstratiw taýdan kadalaşdyrmak üçin edilýän başlangyç. Nebit pudagynda bolşy ýaly tebigy gaz pudagynda-da gowy netije bermez” diýdi.

Putin Russiýanyň Ukrainanyň üstaşyr tebigy gaz akdyrmagy üçin Ukraina töleg tölemäge dowam edýändigini nygtap; “Bize agressiw diýýärler, emma gazyň üstaşyr geçişi üçin bizden pul almaga dowam edýärler” diýdi.

ABŞ-nyň Ukraina ugratjak Patriot howa goranyş ulgamlary hakynda-da durup geçen Putin; “Köne ulgam we bizin S-300 ýaly işlemeýär. Olaryň goranyş ýaragydygyny aýdýarlar, eýsem bizem şeýle diýeliň. Eger şeýle bolsa bir çäresi tapylar. Olar netijesiz tagallalar. Ol, diňe çaknyşygyň uzamagyna sebäp bolar” diýdi.

Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky gepeşikler hakynda beýanat beren Wladimir Putin, gepleşikleriň geçirilmegini isleýändiklerini nygtap; “Ýaragly çaknyşyklaryň ählisi ol ýa-da beýleki görnüşde diplomatik gepleşikler arkaly gutarýar. Gepleşiklerden el çekmedik. Ukrain hökümeti özüne gepleşik geçirmegi gadagan etdi” diýdi.

Ýene degişli makalalar

NATO Ukraina Goşmaça Howa Goranyş Ulgamyny Bermegi Meýilleşdirär
Germaniýa Ukraina Patriot Howa Goranyş Ulgamyny Berer
NATO Sammiti Başlady
ABŞ-nyň, Saud Arabystanyna Patriot Howa Goranyş Ulgamlaryny Berendigi Öňe Sürüldi
Slowakiýa Patriot Howa Goranyş Ulgamy Ornaşdyrylar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny