Çärjewdäki ybadathana
Patriah Kril 29-njy noýabrda 2017-nji ýylyň Arhiýereý geňeşinde hasabat bilen çykyş edip, Türkmenistandaky Rus prawoslaw ybadathanasynyň ýagdaýy barada gürrüň berdi. Bu barada Moskwa Patriarhatynyň resmi saýtynda habar berilýär.
Patriarhyň sözlerine görä, Türkmenistandaky RPY-nyň işi 2016-njy ýylda güýje giren “Dine uýmak azatlygy we dini guramalar hakyndaky” kanun esasynda ugrukdyrylýar.Bu kanuna görä, ybadathananyň gullukçylarynyň azatlykdan mahrum edilenleriň saklanylýan ýerlerinde we sosial edaralarda ruhy öwüt-ündew etmek bilen meşgullanmaga haklary bar.Şeýle-de edaralaryň adminstrasiýalary özlerinde ýerleşýän raýatlaryň öz dini hajatlarynyň kanagatlandyrylmagy baradaky haýyşlaryny ýerine ýetirmäge borçly.
Mundan başga RPY-nyň başlygy bilim edaralarynda dini sapaklaryň okadylmagyna girizilen çäklendirmeler, daşary ýurtlardan dini edebiýatlary getirmekligiň kynlaşdyrylmagy, täze ybadat öýleriniň açylmagy we ruhanylara türkmen wizasyny almagyň hupbatlary bilen baglylykda öz gynanjyny bildirdi.
“Bu meseleleriň döwlet häkimieýtleri bilen Patriarh ýolbaşçylarynyň arasyndaky dialog esasynda oňaýly çözülmegine umyt baglaýaryn” diýip, Patriarh Kril aýtdy.