Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünini berk berjaý etmeli.Açyk howada gezelenç etmeli.Pasla görä geýinmeli.Burun boşlugyna oksolin melhemini çalmaly.Wagtal-wagtal öý we iş otaglarynyň penjirelerini açyp, howasyny çalyşmaly. Üzärligi ulanyp, otagyň howasyny tämizlemeli.Nahar taýýarlamazdan, çagany iýmitlendirmezden, nahar edinmezden öň we daşardan gelnenden hem-de hajathanadan soň eliňizi sabynlap ýuwmaly.
Eliňizi gözüňize, burnuňyza we agzyňyza degirmeli däl.Eger-de degren bolsaňyz eliňizi ýuwmaly.Diňe arassa agyz suwuny ýa-da gaýnadylyp, sowadylan suwy içmeli.Ýurdumyzda hereket edýän şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünleri berk berjaý etmeli.
Agyz-burun örtügini dogry we doly dakynmaly.Bir gezeklik agyz-burun örtügini iki sagatdan çalyşmaly.Jemgyýetçilik ýerlerinde howpsuz araçägi saklamaly, esasan hem, ýiti respirator keselleriniň alamatlary bar bolan adamlar bilen howpsuz araçägi saklamaly.Üsgüreniňizde we asgyranyňyzda agzyňyzy we burnuňyzy elýaglyk bilen ýapmaly.
Ulanylan elýaglyklary ýörite niýetlenen guty gaplaryna taşlamaly.Kadaly iýmitlenmeli, witaminlere, fitonsidlere baý bolan gök we miwe önümlerini iýmeli, ýurdumyzda ösýän dermanlyk ösümliklerinden taýýarlanan melhem çaýlary we gök çaýy içmeli.
Milli tagamymyz bolan unaşy köpräk iýmeli.Işjeň hereketde bolmaly, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.Dogry gün tertibine laýyklykda, uky bilen işjeňligiň, iýmit bilen gezelenjiň kesgitli çalşygy bolmaly.Maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, öz wagtynda öňüni alyş sanjymlaryny almaly.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.