Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Ermenistanyň döwlet telewideniýesine beýanat berdi.
Dostlukly ýüzlenmeler beren Paşinýan: "Ermenistanyň durnuklylygynyň, garaşsyzlygynyň we ykdysadyýetiniň güýçlenmegini isleýän bolsak, goňşularymyz bilen gatnaşyklarymyzy güýçlendirmelidiris. Türkiye bilen aramyzdaky buzlary eretmäge başlamalydyrys" diýip beýan etdi.
Nikol Paşinýan martda geçiren metbugat ýygnagynda hem: "Türkiyäniň uly halkara aktýordygyny inkär etmegiň zerurlygy ýok, bu hakykat bilen ýüzbe-ýüz bolmalydyrys" diýip belledi.
Sentýabrda BMG-nyň 79-njy Baş assambleýasy mynasybetli ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine sapar guran Prezident Rejep Taýýyp Erdogan, Türköýünde Paşinýany kabul edipdi.
Duşuşykda, Türkiye bilen Ermenistanyň arasyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrmak, Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda şertsiz kadalaşma we hemişelik parahatçylyk tapgyry ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylypdy.
Prezident Erdogan dialog tapgyryna dowam etmegi üçin tagalla ediljekdigini belläp, Paşinýana "Has Adalatly Dünýä Mümkin" atly kitabyny sowgat beripdi.