Paşinýan Halkyna Çagyryş Etdi

Paşinýan Halkyna Çagyryş Etdi

Paşinýan ýurdunuň häzirki wagtda ermenleriň ýaşaýan 29,743 inedördül kilometr territoriýadan ybaratdygyny aýtdy.

Ermenistanyň Milli Mejlisinde halk deputatlarynyň soraglaryna jogap beren Premýer-ministr Paşinýan meseleleriň çözülmegi üçin ýol görkezýän döwlet strategiýasyny we düşünjesini taýýarlap bilmändiklerini beýan etdi.

Ermenistanyň Premýer-ministri ýurdunyň 1991-nji ýylda garaşsyzlygyny alanda, 20 ýyl soň nähili bolmalydygy hakynda maksatnama düzmändigini nygtady.

Bu meseläniň henizem dowam edýändigini we hakykata laýyk Ermenistan strategiýasynyň işlenip taýýarlanylmalydygyny nygtan Paşinýan, Ermenistanyň sosial psihologiýasyndaky esasy meselelerden biriniň “ýitirilen Ermenistan gözlegi” bolandygyny aýtdy.

Nikol Paşinýan sözlerini şeýle dowam etdirdi: “Biz watanyň içinde watan gözleýäris. İndi biziň syýasy ýüzlenmämiz şeýle. Hormatly watandaşlar, Ermenistan Respublikasynyň hormatly raýatlary! Biz “taryhy Ermenistan” gözlegini bes etmeli. Sebäbi şu ene watany tapdyk. Bu ene watan 29,743 inedördül kilometr özygtyýary territoriýany öz içine alýan Ermenistan Respublikasydyr.”

Ýene degişli makalalar

Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Russiýa, Ermenistandaky Ilçisini Yzyna Çagyrdy
Nikol Paşinýan Halkyna Ýüzlenip Çykyş Etdi
Ermenistanda Hökümete Garşy Geçirilýän Ýörişler Dowam Edýär
Dawid Karapetýan Ermenistanyň DIM-niň baş sekretarlygyna bellendi
Nikol Paşinýanyň Dik Uçary, Ýaramaz Howa Şertleri Sebäpli Gonmaly Boldy