Parlamentara bileleşigiň agzasy

2017-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde Parlamentara Bileleşigiň 137-nji Assambleýasynyň çäklerinde geçirilen Parlamentara Bileleşigiň Dolandyryjy geňeşiniň 201-nji mejlisiniň karary bilen Türkmenistan Parlamentara Bileleşigiň agzalygyna biragyzdan kabul edildi.

Parlamentara Bileleşiginde ýurdumyza Türkmenistanyň Mejlisi wekilçilik eder. Ştab-kwartirasy Ženewada ýerleşýän bu bileleşik, iň köne halkara guramalaryň biri bolmak bilen, ol parlamentara diplomatiýasy boýunça iň wekilçilikli halkara edaralarynyň biridir.

Parlamentara Bileleşigi deputatlaryň degişli halkara gün tertibiniň köp ugurly we iňňän möhüm meseleleri barada özara pikir alyşmak üçin parlament wekiliýetlerine özüniň meýdançasyny hödürleýär.Parlamentara Bileleşigiň esasy wezipeleriniň biri hem bütin dünýäde demokratiýany goldamak, goramak we berkitmekdir.Türkmenistanyň Parlamentara Bileleşiginiň agzalygyna girmegi ýurdumyzda raýat institutlaryny we demokratik gymmatlyklaryny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.Türkmenistan bilen bilelikde Özbegistan we Wanuatu Respublikasy Parlamentara Bileleşiginiň agzalygyna kabul edildi.

Häzirki wagtda bu guramanyň 176 sany agzasy bar.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Aziýanyň ösüş bankynyň täze başlygy 
USAID bilen hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanlylar Yandex-iň Tomusky mekdebinde mugt bilim almaga mümkinçilik alarlar
BSGG Türkiýede we Siriýada 3-nji Dereje Gyssagly Ýagdaý Yglan Etdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Baýraktar Gyzylalma synag uçuşyny üstünlikli ýagdaýda tamamlady